Ï Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çärýek finalyna çykdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çärýek finalyna çykdylar

view-icon 225
Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çärýek finalyna çykdylar
Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çärýek finalyna çykdylar
Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çärýek finalyna çykdylar
Türkmenistanyň tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çärýek finalyna çykdylar
camera-icon
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy

Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde dowam edýän 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagyndaky saýlama ýaryşlarynda türkmen tennisçileri çärýek finala çykmagy başardylar. Ildeşlerimiz yzly-yzyna ikinji ýeňşini gazanyp, bu üstünlige möhletinden öň eýe boldular.

Ýaryşyň birinji tapgyrynda «B» toparçada altynjy belgi bilen çykyş edýän Türkmenistanyň ýygyndy topary Omanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ynamly ýeňdi. Şu gün bolsa olar Mýanmanyň toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdylar.

Bu duşuşyk biziň türgenlerimiz üçin aňsat düşmedi. 1 sagat 44 minut dowam eden ilkinji ýekelikdäki duşuşykda Süleýman Hudaýberdiýew taý-breýkde Phi Sar Seýden 3:6, 6:7(5) hasabynda asgyn geldi. Ikinji duşuşykda Aly Geldiýew 1 sagat 10 minudyň dowamynda Da Wuny 6:4, 6:1 hasabynda ýeňip, hasaby deňlemegi başardy (1:1).

Oýnuň ykbaly 1 sagat 24 minut dowam eden jübütleýin duşuşykda çözüldi. Birinji setde Aly Geldiýew bilen Kerimgeldi Guldurdyýew Phi Sar Seýden we Da Wudan 4:6 hasabynda utuldylar. Ikinji setde 6:3 hasabynda ýeňmegi başaran tennisçilerimiz, üçünji – çözüji setde bolsa naýbaşy taý-breýkde 10:7 hasabynda ýeňşi gazandylar.

Bu toparyň ikinji ýaryş gününiň beýleki duşuşygynda ikinji belgi bilen çykyş edýän Singapuryň topary Omanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňip, ol hem möhletinden öň çärýek finala çykmaga hukuk gazandy.

Jemleýji tapgyrda Türkmenistanyň we Singapuryň ýetginjekleri özara duşuşykda haýsy toparyň utulan-çykdy tapgyryna birinji, haýsynyň bolsa ikinji orun bilen çykjakdygyny kesgitlärler.

Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) bilen bilelikde guramagynda geçirilýän «DCJ Asia/Oceania Pre-Qualifying» ýaryşyna 15 sany topar gatnaşýar. Olar birinji tapgyrda 4 topara bölündiler.

Beýleki toparçalardaky 2-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri: «A» toparça: Şri-Lanka – Saud Arabystany – 3:0; «C» toparça: Malaýziýa – Laos – 2:1, Guam – Filippinler – 0:3; «D» toparça: Wýetnam – Mongoliýa – 3:0, Nepal – Okeaniýa – 0:3. Bu duşuşyklardan soňra Türkmenistanyň we Singapuryň ýygyndylary bilen bir hatarda Şri-Lankanyň (1-nji belgi), Malaýziýanyň (4-nji belgi), Filippinleriň (5-nji belgi), Wýetnamyň (3-nji belgi) we Okeaniýanyň (7-nji belgi) toparlarynyň hem çärýek finala çykandygy belli boldy.

Ýatladyp geçsek, ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogy Halkara tennis federasiýa tarapyndan 1985-nji ýylda 16 ýaşdan uly bolmadyk oglanlaryň arasyndaky Dünýä Kubogy hökmünde döredilip, 2002-nji ýylda häzirki adyna eýe boldy. Her ýyl dürli ýurtlar sebitleýin saýlama ýaryşlaryna gatnaşýarlar we şol ýaryşlaryň ýeňijileri final tapgyrynda çempionlyk ugrunda bäsleşýärler.