Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde 15 toparyň gatnaşmagynda geçirilýän 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagy boýunça saýlama tapgyrynda türkmen tennisçileri şowly çykyşlaryny dowam etdirýärler.
Omanyň (3:0) we Mýanmanyň (2:1) toparlary bilen bolan duşuşyklardaky şowly netijelerden soňra, ildeşlerimiz ýaryşyň ikinji belgili topary bolan Singapuryň ýygyndysyndan 2:1 hasabynda üstün çykyp, üçünji ýeňşini gazandylar we «B» toparçasynda mynasyp birinji orny eýelediler.

Soňky tapgyryň öňüsyrasynda Türkmenistanyň we Singapuryň ýygyndy toparlary çärýek finala möhletinden öň çykmaga hukuk gazandylar. Şol sebäpli olaryň özara duşuşygy utulan-çykdy tapgyryna haýsy toparyň birinji, haýsynyň bolsa ikinji orun bilen çykjakdygyny kesgitlemelidi.
Duşuşyk iki topar üçin hem aňsat bolmady. Ýekelikdäki birinji bäsleşikde 1 sagat 28 minudyň dowamynda Süleýman Hudaýberdiýew Jastin Liden 2:6, 3:6 hasabynda asgyn geldi we Singapuryň topary 1:0 hasabynda öňe saýlandy. Mýanmanyň topary bilen bolan öňki oýunda bolşy ýaly, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Aly Geldiýew ýagdaýy düzetmegi başardy. Onuň Andre Garnadi bilen geçiren duşuşygy dartgynlylygy we dowamlylygy boýunça aýratyn tapawutlandy: türgenler kortda 3 sagat 22 minut geçirip, şol oýun gününiň wagtlaýyn rekordyny goýdular. Bu ýerde Alynyň belent ahlak-erki, tutanýerliligi we ýeňşe bolan çäksiz islegi netijesinde ilki taý-breýkde birinji seti (7:6(5)), soňra bolsa ikinji seti (6:4) öz peýdasyna tamamlandygyny we netijede umumy hasaby 1:1 deňländigini aýratyn bellemek gerek.

Emma kortda bolup geçen wakalaryň görkezişi ýaly, türkmen tennisçileri üçin synaglar munuň bilen tamamlanmady. Aly Geldiýew bilen Kerimgeldi Guldurdyýewiň Andre Garnadi we Jastin Li jübütine garşy geçiren kesgitleýji jübütleýin duşuşygy ilki biziň oglanlarymyz üçin şowsuz başlandy. Olar birinji seti 4:6 hasabynda utuldylar. Muňa garamazdan, olar ruhdan düşmän, oýnuň gidişini özgertmegi başardylar we ilki ikinji setde 6:4 hasabynda üstün çykdylar, soňra bolsa naýbaşy taý-breýkde 10:8 hasabynda ýeňşi gazandylar.
Ýaryşda nobatdaky güýçli ýeňşini gazanan türkmen ýetginjekleri «B» toparyndan birinji orun bilen çärýek finala ynamly çykdylar. Indi olar bäşinji belgili Filippinleriň ýygyndysy bilen duşuşarlar. Filippinler mundan ozal Laosynyň (2:1) we Guamynyň (3:0) toparlaryny ýeňipdiler, ýöne soňky tapgyrda dördünji belgili Malaýziýanyň toparyndan 0:3 hasabynda utulyp, «C» toparçada ikinji orny eýelediler.

Beýleki çärýek finallarda şu ýygyndy toparlaryň duşuşyklary geçiriler: Şri-Lanka – Ýuwaş umman sebiti, Malaýziýa – Singapur we Saud Arabystany – Wýetnam.