Hormatly dabaraly çärelere gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda uly ruhubelentlik bilen dabaraly bellenilýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Garaşsyz Watanymyzda bagtyýar nesillerimiziň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletimizde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändigini görkezýär.
Biz ýurdumyzda aýratyn hemaýata mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk-hukuk, ykdysady çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berýäris. Bu ugurda ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde ägirt uly tagallalary edýäris.
Hormatly adamlar!
Ýurdumyzda hereket edýän lukmançylyk edaralary bilen birlikde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň çagalaryň saglygyny dikeltmekde alyp barýan giň möçberli sahawatly işleri nesilleriň bagtyýar geljegini üpjün edýär, ata-eneleriň bimöçber hoşallygyna mynasyp bolýar. 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen bu gaznanyň ýardamy bilen bäş ýylyň dowamynda dürli dertden ejir çekýän çagalaryň ýüzlerçesi sagdyn, bagtyýar durmuşyň bosagasyndan ätledi.
Gaznanyň diňe bir näsaglary bejermekde däl, eýsem, lukmançylyk edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde hem tutumly işleri alyp barýandygy bizi örän buýsandyrýar. Gazna tarapyndan hassahanalaryň çagalar bölümlerine kämil lukmançylyk enjamlary ýerleşdirilen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň, «Dialog+» kysymly gemodializ enjamlarynyň, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň lukmanlar üçin öndüren dürli serişdeleriniň alnyp berilmegi çagalar hakyndaky aladanyň aýdyň mysalydyr.
Biz ýaş nesilleriň saglygyna möhüm ähmiýet bermek bilen, çagalaryň saglygyny goramak maksatly häzirki zamanyň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş merkezlerini gurmaga uly üns berýäris. Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen amatly şertler munuň aýdyň güwäsidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi bu ugurda il sylagly ýaşulularymyzyň bitirýän işleriniň has uludygyny tassyklaýar. Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi, häzirki wagta çenli geňeşiň mejlislerinde kabul edilen çözgütler gaznanyň işiniň ilerlemegine özüniň oňyn täsirini ýetirdi. Alnyp barlan işleriň netijeleri çagalaryň özleri baradaky hemmetaraplaýyn aladany duýmagy we jemgyýetimizde mynasyp ornuny tapmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Gadyrly dabaraly çärelere gatnaşyjylar!
Geçen ýylda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň üstünlikli netijeleri ýurdumyzyň ynsanperwer daşary syýasatyny has-da dabaralandyrdy. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri BMG we ÝUNISEF ýaly abraýly halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklap gelýär hem-de çagalaryň saglygyny goramak babatda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýar. Gaznanyň döredilen gününden bäri saglygy goraýyş merkezlerinde howandarlyga mätäç, näsag çagalara operasiýalaryň ýüzlerçesi geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» kabul edilmegi bolsa döwletimizi çagalary goramaga gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany saýlap alan ýurtlaryň hataryna çykarýar.
Häzirki wagtda gazna diňe bir türkmenistanly çagalara däl, eýsem, zerur bolan halatynda, dünýä ýurtlarynyň çagalaryna hem ýurdumyzyň adyndan hemaýat bermek işlerini alyp barýar. Gaznanyň kömek bermeginde goňşy hem-de alysdaky ýurtlaryň halklaryna derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we dürli azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer ýükleri iberilýär. Bu haýyr-sahawat işleri türkmen halkynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine we däp-dessurlaryna esaslanýar hem-de döwletleriň arasyndaky hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklaryň binýadyny has-da berkidýär.
Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!
Sizi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berk jan saglygyny we abadan durmuşy, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegi, geljegimiz bolan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.