Özbek dramaturgy Sanjaraly Imamowyň «Super gaýyn ene» atly sazly komediýasy Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda birnäçe ýyl mundan ozal sahnalaşdyryldy, ýöne bu sahna oýny her gezek görkezilende, zal tomaşaçydan dolýar, bu bolsa bu adaty bolmadyk maşgala hekaýatyna bolan gyzyklanmanyň peselmeýändigini görkezýär.


Iki halkyň – türkmen we özbek halklarynyň ruhy gymmatlyklary umumy bolup durýar. Maşgalada ene we gaýynene elýetmez ygtyýarlydyrlar, ýöne eger gaýynene gyňyr häsiýetli bolsa, bu hemmeler üçin, esasanam, gelin üçin kyn.


Oýun sazandalary bilen bile şowhun turzup, howla dolýan üç kempiriň şadyýan tansy bilen başlanýar. Horeograf Jemal Bazarowa olaryň çykyşyny gaýyneneleriň gelniň durmuşynda esasy orny eýeleýändigi bilen baglanyşdyrýar.


Merdanyň öýünde hemme zat bolmalysy ýaly – onuň gowy aýaly bar, çagalary ösüp barýar. Guwanyp ýaşabermeli, ýöne onuň ejesi, Mýuýasanyň gaýynenesi has gowy ýaşaýan goňşularyna göriplik bilen seredýär. Şonuň üçin ol ogly üçin ikinji aýaly – telekeçi gelni almagy makul bilýär. Hajanyň kararyna garşy durmak manysyzdy, şonuň üçin ogul, gelin, telekeçi aýal we hatda molla-da bir hile oýlap tapýarlar. Olar ýalandan toý eden bolýarlar we Hajany ýewropaça abatlanan we howlusynda çüwdürimi-de bolan täze jaýa göçürýärler. Emma tizden gaýynene baýlygyň bagt getirmeýändigine düşünip, köne durmuşyny küýsäp başlaýar. Ol muny ogluna aýdýar we gelninden ötünç soraýar, olar bolsa gaýynenäniň hatasyna düşünmegi üçin, bu zatlaryň bilgeşleýin gurnalandygyny aýdýarlar.


Ýene-de, tanyş üç kempir şowhunly tans bilen sahna çykýarlar, olar başatgyçlaryny yza serpip, ýaş gelinler bolup, tans edýärler. Olaryň tansynyň manysy oýun-degişmäni aňladýar.


Kimdir biri «Super gaýyn ene» sahna oýnuny görüp, şeýle zatlaryň hakyky durmuşda bolmaýandygyny aýdyp biler. Bolmaýandygam bir gowy zat! Esasy zat başga bir zat – enä we gaýynenä bolan aýratyn aladaly garaýyş. Şunuň ýaly ýagdaý maşgala agzalarynyň arasyndaky gatnaşyklary ömürlik bozardy ahbetin. Eýsem-de, oýnuň netijesinde hemme zat bähbide boldy.


«Super gaýyn ene» sahna oýnuny goýan režissýor Nury Hudaýgulyýew. Bu onuň özbek dramaturgiýasyna esaslanýan ikinji sana oýny we ikisi hem uly üstünlik gazandy. Belki, üstünligiň syry režissýoryň özbek halkynyň durmuşyny daş gulakdan eşidip däl-de, hakykatdan bilmegindedir. Daşkendiň A.Ostrowskiý adyndaky Teatr we sungat institutynda aktýorlyk ugrundan bilim alýan döwründe Nury Hudaýgulyýew şäheriň gür ilatly ýerinde bäş ýyl ýaşapdyr. Şol ýyllaryň dowamynda ol özbek halkynyň medeniýetini özüne siňdiripdir. Ol sahna oýunlardaky her bir keşbe gaty belet, keşp durmuşdan alnan-da bolsa, sahna oýny ynamly bolýar. Režissýoryň kömegi bilen sazly komediýa gatnaşan ähli aktýorlar-da öz wezipelerini ajaýyp ýerine ýetirdiler. Baş gahryman Hajanyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýsoltan Kowusowa (ätiýaçda Türkmenistanyň at gazanan artisti Narjan Berdiýewa), onuň oglunyň keşbini Oraz Orazow (ätiýaçda Döwran Saryýew) we gelniň keşbini Nurgözel Gurbangeldiýewa (ätiýaçda Sapargül Weliýewa) ýerine ýetirdi.


Kompozitor Derkar Jelilow saz bezegi arkaly özbek halkynyň aňyýetini nygtaýar. Milli saz tomaşaçylara şadyýan, şatlykly keýp berdi, olar «Super gaýyn ene» komediýasyndan köp lezzet aldylar.

