Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynyň buz meýdançasynda sport mekdepleriniň şort-trek boýunça açyk çempionaty geçirildi. Ýaş türgenler 500 we 1000 metrlik aralyklarda bäsleşdiler.
Ýaryşyň netijeleri boýunça, orunlar şeýle boldy:
1000 metr aralykda (oglanlar):
I orun – Emmanuel Gurbangulyýew.
II orun – Daňatar Muhamow.
500 metr aralykda (oglanlar):
I - orun – Kerim Arslanow
II- orun – Atajan Atanyýazow
500 metr aralykda (gyzlar):
I- orun – Merýem Hudaýgulyýewa.
II- orun – Aýjan Bekiýewa
III- orun – Nurana Atanyýazowa
Türkmenistanyň şort-trek boýunça ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Aýhanym Gulamalyýewa ýaryşa gatnaşanlaryň ýokary mümkinçiliklerini belledi:
– Ýigitlerimiziň geljegi örän uly. Yhlasly türgenleşikler netijesinde, biz uly işleri meýilleşdirýäris, olaryň iň esasysy 2027-nji ýylda Krasnoýarskda geçiriljek «Aziýa çagalary» atly halkara sport oýunlarynda gowy çykyş etmek.
Türkmenistanda sportuň şort-trek görnüşiniň ösüşi ýaş zehinler üçin täze mümkinçilikleri açmak bilen, depginli ösüşe eýe bolýar.