Ï Türkmenistanyň ýygyndy futbol topary Tailandda ýeňiş gazanmaga taýýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýygyndy futbol topary Tailandda ýeňiş gazanmaga taýýar

view-icon 133
Türkmenistanyň ýygyndy futbol topary Tailandda ýeňiş gazanmaga taýýar

Şu gün Türkmenistanyň milli ýygyndy futbol topary 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogyna gatnaşmak üçin, Bangkogyň «Rajamangala» stadionynda Tailandyň topary bilen aýgytly duşuşygy bolar. Bu duşuşykda indiki ýyl Saud Arabystanynda geçiriljek dört ýyllyk döwrüň esasy ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmak hukugyny gazanmak ugrunda bäsleşerler.

Bu garşydaşlaryň Aşgabatda geçen ilkinji duşuşygy 3:1 hasabynda türkmen futbolçylarynyň peýdasyna tamamlandy. Iki gol tapawudy bilen gazanylan şol ýeňişden sekiz ýyl soň türkmen topary üçin indi üçünji gezek Aziýa Kubogyna gatnaşmaga ajaýyp mümkinçilik döredi. Şeýle-de bolsa, saýlama tapgyryň barşynda Röwşen Meredowyň şägirtleri myhmançylykda ilkinji gezek garaşylmadyk ýagdaýda FIFA-nyň reýtinginde özünden ep-esli pesde duran Şri-Lankanyň toparyndan 0:1 hasabynda utulmak bilen, özleri üçin ýaryşyň jemleýji tapgyryna çykmagy birneme kynlaşdyrdylar.

Soňky tapgyryň öňýanynda Türkmenistanyň ýygyndy topary goşmaça görkezijiler boýunça Tailandyň toparyndan öňde bolmak bilen, 12 utuk toplap, «D» toparçada öňde barýar. 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň jemleýji ýaryşyna gatnaşmaga hukuk berýän birinji orny eýelemek üçin türkmen futbolçylaryna Bangkokda deňme-deň oýnamak-da ýeterlikdir. Muňa garamazdan, biziň toparymyz diňe ýeňiş gazanmagy maksat edinýär. Bu barada Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow we toparyň kapitany Elman Tagaýew duşuşykdan öňki metbugat ýygnagynda aýtdylar.

«Biz öz ýurdumyzda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirip, topary bu aýgytly duşuşyga gowy taýýarladyk» diýip, R.Meredow Tailandda mähirli garşylanandygy üçin ýer eýelerine hoşallygyny bildirdi.

Elman Tagaýew hem toparyň söweşjeň ruhuny tassyklady.

«Taýýarlygymyz gowy geçdi, biz ertirki duşuşyga taýýar. Birinji duşuşykda 3:1 hasabynda utduk we jogap duşuşygynda-da maksadymyz ýeňiş bolar» diýip, futbolçy nygtady.

Tailandyň topary bilen aýgytly duşuşyk üçin Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow 22 oýunçyny çagyrdy, emma mart aýynda toparyň iň gowy oýunçysy diýlip saýlanan Gonkongyň «Kitçi» toparynyň 34 ýaşly kapitanyny goşmady.

Türkmenistanyň milli ýygyndy futbol toparynyň düzümi: derwezeçiler – Resul Çaryýew, Rüstem Ahallyýew, Kakageldi Berdiýew; goragçylar – Mekan Saparow, Abdy Bäşimow, Ybraýym Mämmedow, Yhlas Toýjanow, Güýçmyrat Annagulyýew, Hakmuhammet Bäşimow, Arzuwguly Sapargulyýew; ýarymgoragçylar – Ýazgylyç Gurbanow, Rahman Myratberdiýew, Mürze Beknazarow, Welmyrat Ballakow, Elman Tagaýew, Teýmur Çaryýew, Resul Hojaýew; hüjümçiler – Meýlis Diniýew, Didar Durdyýew, Daýanç Meredow, Mihail Titow, Şamämmet Hydyrow.