Ï 2026-njy ýylyň ilkinji üç aýynda türkmen türgenleri 123 medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2026-njy ýylyň ilkinji üç aýynda türkmen türgenleri 123 medal gazandylar

view-icon 137
2026-njy ýylyň ilkinji üç aýynda türkmen türgenleri 123 medal gazandylar

Şu ýylyň ilkinji üç aýynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça degişli çäreler görüldi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 123 medal gazandylar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigini aýratyn nygtady. Şeýle hem ol wise-premýere ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen degişli işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, ýurdumyzda sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Mejlise gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Bütindünýä saglyk güni 1950-nji ýylyň 7-nji aprelinden bäri – 1948-nji ýylda döredilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) döredilen gününden başlap bellenilýär. Häzirki wagtda bu gurama 194 döwlet agza bolup, olaryň arasynda Türkmenistan hem bar.

Bütindünýä saglyk gününiň esasy maksady adamlara sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhümdigini ýatlatmakdyr: dogry iýmitlenmek, zyýanly endiklerden ýüz öwürmek, garaşlylyklardan dynmak we yzygiderli bedenterbiýe bilen meşgullanmakdyr.