Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 34-nji çempionaty Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerindäki duşuşyklar bilen başlanýar.
Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynyň merkezi meýdançasynda «Ahal» hem-de «Köpetdag» toparlary duşuşarlar, deňiz kenaryndaky Türkmenbaşy şäherinde bolsa «Şagadam» topary bilen «Nebitçi» topary güýçlerini synanyşar.
Milli çempionatyň medallary ugrunda dört tapgyrda sekiz topar bäsleşer. Paýtagtymyzyň adyndan üç topar – «Altyn asyr», «Aşgabat» we «Köpetdag» toparlary, Balkanabatdan «Nebitçi» topary we Türkmenbaşydan «Şagadam» topary Balkan welaýatynyň, «Ahal» topary Ahal welaýatynyň, «Merw» topary Mary welaýatynyň, şeýle hem Türkmenistanyň häzirki çempiony «Arkadag» topary döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň adyndan çykyş eder.
Birinji tapgyryň duşuşyklary 5-nji aprelde «Arkadag» – «Merw» hem-de «Altyn asyr» – «Aşgabat» toparlarynyň duşuşyklary bilen dowam eder.
Çempionatyň ilkinji iki tapgyry 4-nji aprelden 20-nji iýuna çenli dowam eder. Ikinji we üçünji tapgyryň duşuşyklary möwsümiň ikinji ýarymynda geçiriler.
Geçen ýylky çempionatdan soň, «Arkadag» topary üçünji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. Kümüş medal «Ahal» toparyna, bürünç medal bolsa «Altyn asyr» toparyna berildi.