Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerinde geçirilen iki duşuşyk bilen Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasyndaky futbol boýunça 34-nji çempionaty badalga aldy.
Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly stadionynyň merkezi meýdançasynda «Ahal» bilen «Köpetdag» toparlary, Türkmenbaşy şäherinde bolsa «Şagadam» bilen «Nebitçi» toparlary duşuşdylar.
Däp bolşy ýaly, bu duşuşyklaryň öňüsyrasynda täze milli çempionatyň başlanmagynyň şanyna stadionlarda Türkmenistanyň döwlet senasy ýaňlandy.
2026-njy ýylyň Türkmenistanyň çempionatynyň ilkinji goly Aşgabatda geçirildi. Ony 33-nji minutda «Ahal» toparynyň hüjümçisi Süleýman Mirzoýew geçirdi. Ol garşydaşyň jerime meýdançasynda topy kabul edip, goragçynyň ýanyndan geçip, 14 metrden sag aýagy bilen pesden uzakdaky çep burça takyk urgyny ýerine ýetirdi.
4 minutdan soň Oraz Orazow toparynyň artykmaçlygyny iki esse artdyrdy. 45-nji minutda bolsa Islam Annamyradow «Köpetdag» toparynyň derwezesine üçünji pökgini girizdi we 3:0 hasabynda «Ahal» toparynyň peýdasyna toparlar arakesmä çykdylar.
Duşuşygyň ikinji ýarymynda Eziz Annamuhammedowyň şägirtleri hasaby saklamak bilen çäklenmän, üstünliklerini dowam etdirdiler. 56-njy minutda Hakmuhammet Bäşimow hasaby 4:0-a ýetirdi, 76-njy minutda «Köpetdag» toparynyň futbolçysy Mekan Amannyýazow bir gol geçirdi.
78-nji we 86-njy minutlarda meýdança eýeleriniň goragçysy Ruslan Priýew iki sany sary kart aldy. Emma bu «Ahal» toparyna ýene bir gol geçirmegine päsgel bermedi, Ýakupmuhamet Gowşudow ony 89-njy minutda geçirdi we hasaby 5:1 etdi.
Türkmenbaşy şäherinde geçirilen beýleki duşuşykda bolsa, geçen möwsümde ýaryş sanawynyň dördünji ornundaky «Şagadam» we bäşinji orny eýelän «Nebitçi» toparlary duşuşdylar.
Balkanabatlylar täze möwsümiň öňüsyrasynda «Ahal» toparyndan tejribeli futbolçylary – Elman Tagaýewi, Alibek Abdurahmanowy, Gurban Annaýewi we Begenç Mamiýewi düzümine goşdylar. Şeýle-de bolsa, bu olaryň ilkinji duşuşykda ýeňlişden halas etmedi. Duşuşygyň ykbaly ikinji ýarymda bellenen jerime urgusy bilen çözüldi. FIFA-nyň emini Resul Mamedow «Nebitçi» toparynyň jerime meýdançasynda Ýagşysähet Döwletgeldiýewi ýykandygy sebäpli 11 metrlik jerime urgyny belledi. 59-njy minutda Serdar Guliýew jerime urgysyny üstünlikli ýerine ýetirip, topy derwezäniň sag burçuna gönükdirdi.
Netijede, «Şagadam» topary täze baş tälimçi Maksat Şamyradowyň ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň çempionatyna ýeňiş bilen başlady. Maksat Şamyradow tälimçilik köprüsinde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ali Gurbaniniň ornuny tutdy.
Bu duşuşykda emin jemi 10 sany sary kart görkezdi: 4-si öý eýelerine, 6-sy myhman toparyna.
Birinji tapgyr «Arkadag» – «Merw» toparlarynyň hem-de «Altyn asyr» – «Aşgabat» toparlarynyň duşuşyklary bilen tamamlanar.
Ýatladyp geçsek, milli çempionatyň medallary ugrunda dört tapgyrda sekiz topar bäsleşýärler. Üç topar – «Altyn asyr», «Aşgabat» we «Köpetdag» paýtagtymyza wekilçilik edýärler. Balkanabadyň «Nebitçi» we Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparlary Balkan welaýatyna, «Ahal» topary – Ahal welaýatyna, «Merw» topary – Mary welaýatyna we Türkmenistanyň häzirki çempiony «Arkadag» topary döwlet ähmiýetli Arkadag şäherine wekilçilik edýärler.