Ï Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport çäresi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport çäresi geçirildi

view-icon 79
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport çäresi geçirildi

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp bedenterbiýe-sport çäresi geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) 2026 – 2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki Iş meýilnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde geçirildi.

Çäräniň esasy maksatlary ýaşlary dowamly sport bilen meşgullanmaga çagyrmak we sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek, gyzlaryň sport ulgamynda gatnaşygyny artdyrmak we elýeterliligini üpjün etmek, birek-birege hormat goýmak medeniýetiň we ýaşlaryň arasynda gender deňligini öňe sürmek bolup durýar.

Çäre intensiw multimedia görnüşinde we şol bir wagtyň dowamynda 4 mowzuklaýyn meýdançada geçirildi, bu bolsa fiziki we jemgyýetçilik ösüşi dürli jähtden gurşap almaga mümkinçilik berdi. Çäräniň maksatnamasyna sport ýaryşlary we toparlaýyn oýunlar, meýletinçilik we liderlik ulgamynda tejribeleri paýlaşmak, ýaşlaryň ösüşi baradaky sowal-jogaplar alyşmak we maşgala gymmatlyklaryny berkitmek meselesinde sportuň tutýan ornuny ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdançalary girizildi.

Şeýle çäreleriň geçirilmegi Türkmenistanyň ýaşlar syýasaty ulgamynda halkara standartlara ygrarlylygyny nygtaýar. Şeýle çäreleri guramaga toplumlaýyn çemeleşme gatnaşyjylaryň diňe bir sportda ýeten üstünliklerini görkezmäge däl-de, eýsem, her bir raýatyň deň hukuklylygy we mümkinçilikleri barada gepleşikleri geçirmäge pursat döretdi.

Şeýle-de geçirilen bu çäre geljekki ýaş nesliň sazlaşykly ösüşi üçin Türkmenistanyň we BMG-niň guramalarynyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi babatdaky ädilen ädimleriniň biri boldy.

Bütindünýä saglyk güni 1950-nji ýylyň 7-nji aprelinden bäri – 1948-nji ýylda döredilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) döredilen gününden başlap bellenilýär. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistanyň hem gatnaşmagynda 194 döwlet onuň agzasy bolup durýar.

Bütindünýä saglyk gününiň esasy maksady – adamlara sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhümdigini ýatlatmakdyr: dogry iýmitlenmek, zyýanly endiklerden ýüz öwürmek we yzygiderli bedenterbiýe bilen meşgullanmakdyr.