Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda şu ýyl 270 ýyllygy bellenilýän awstriýaly meşhur kompozitoryň ýubileýine bagyşlanan «Mosart. Nur. Saz» atly konsert boldy.


Tomaşaçylary Mosart baradaky kitaplaryň sergisi garşylady. Köne şemdan, gazyň ýelegi goýlan syýa gap we iň esasy gymmatlyklar – XVIII asyryň ýewropa aristokratiýasyna mahsus bolan zenan we erkek lybaslary serginiň mazmunyny has-da baýlaşdyryp, Mosartyň ýaşap geçen döwrüniň ruhuny duýmaga ýardam etdi.


Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň dosenti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Ýelena Osipowanyň Wolfgang Amadeý Mosartyň durmuşy we döredijiligi baradaky gyzykly gürrüňleri konsertiň özboluşly sözbaşysyna öwrüldi.


Sazly agşamyň açylyşynda Ýelena Arakelýanyň we Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň ýerine ýetirmeginde iki roýal üçin niýetlenen «Grig Sonata C-dur» eseri ýaňlandy. Roýallaryň biriniň üstündäki ýanyp duran şem nepislige gaplanan lirika sazyň labyzlylygyna goşmaça öwüşgin çaýdy.


«Mosart edil Günüň şöhlesi ýaly, çagalykdan başlanýar» diýip, konserti alyp baryjy Ýekaterina Darçiýa belledi we Aşgabat şäherindäki 4-nji sazçylyk mekdebiniň «Saýrak bilbiller» atly çagalar horunyň ýerine ýetirmegindäki «Elipbiý» eserini yglan etdi.


1-nji sazçylyk mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Wladimir Grigorýanyň ýerine ýetiren «Fantaziýa» pýesasy tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Ol diňe bir Mosartyň ajaýyp eseri bilen däl, eýsem, özüniň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen hem hemmeleri haýran galdyrdy.

Konserti taýýarlan Ýelena Osipowa kompozitoryň döredijiliginiň ähli ugurlaryny açyp görkezmäge çalşypdyr. Begenç Gaýypowyň we Bahar Durdyýewanyň ýerine ýetirmeginde «Don Žuan» operasyndan Don Žuanyň we Serlinanyň dueti ýaňlanyp, tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Şeýle hem konsertde kirişli saz gurallary kwarteti we üflenip çalynýan saz gurallary kwinteti tarapyndan «Rondo ala turca» hem-de «Diwertisment» eserleri ýerine ýetirildi.
Konsertiň ahyrynda «Melodiýa» orkestri Mosartyň «Kiçijik gije serenadasyny» çalyp, diňleýjilere ajaýyp ýeňillik we sazlaşyk duýgusyny peşgeş berdi.