Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry häzirki möwsümde täze sahnalar bilen tomaşaçylaryň göwnüni götermäge dowam edýär. Ýakynda «Seýis» sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bolar, soňra bolsa döredijilik topary «Söýgi duralgasy» atly täze sahna eserini hödürlär.
Meşhur dramaturg Aşyr Mämiliýewiň pýesasy ýurdumyzyň dürli teatrlarynda tomaşaçylara hödürlenildi. Bu eseriň dramatik özenini döwrebap hasaplamak bilen topar eserde seredilýän meselelere öz garaýşyny sahna üsti bilen beýan etmek isledi.
– Bu sahna oýny durmuşynyň bir möwsüminde gatnaşyklarynyň duralgasynda saklanan jübüt baradaky wakany beýan edýär – diýip, režissýor Guwanç Baýmedow aýdýar. – Ýaş çatynjalar üçin maşgala ojagy, aýgytly pursatlar we täzeden dikeliş örän möhümdir.
Sahna oýnunyň guramaçy-režissýory hökmünde Türkmenistanyň at gazanan artisti, sahna ussady Meretdurdy Seýdow çykyş etdi. Baş keşpleri teatryň sahna ussatlary Döwran Bekdurdyýew we Maral Jambylowa ýerine ýetirýär.
Sahna eserini döredijiler gündelik durmuşyň adaty mazmunyndan däl-de, eýsem syrlylyga ýykgyn edip, sahna oýnuny «az bolsun – uz bolsun» usulynda şirin mukamyň keşbine öwürýärler. Kub şekilli gysga we anyk bezegler, kämil sazlanan mizan sahnalar hem-de täsirli saz bezegi gahrymanlaryň içki dünýäsindäki tejribelerine we tolgunmalaryna ünsi jemlemäge kömek edýär. Spektakl ýakynda tomaşaçylara hödürlener.