Aşgabat şäherinde Hindistanyň medeni gatnaşyklar geňeşiniň (ICCR) esaslandyrylmagynyň 77 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu baýramçylyk Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.
ICCR – bu 1950-nji ýylda halkara gatnaşyklary berkitmek maksady bilen döredilen Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky özbaşdak guramadyr. Guramanyň geňeş agzalary sergileriň, festiwallaryň we konsertleriň geçirilmeginde Ýer ýüzüniň ähli künjeklerine medeni merkezlerini dolandyrmak arkaly hindi sungatyny tanadýar. Guramanyň esasy başlangyjy daşary ýurtly talyplara ýetirilýän bilim kwotalary bolup durýar.

Hindistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu öz sözlerini bilim maksatnamalarynyň möhümligi barada aýtmak bilen başlady.
«Ýylda ICCR dört müňden gowrak daşary ýurtly talyplara talyp hak töleýär. Türkmenistanyň 200-den hem gowrak raýatlarynyň Hindistanda şu maksatnama boýunça ýokary bilim alandygyny belläp geçmek diýseň guwandyryjy. Pursatdan peýdalanyp, men türkmen ýaşlaryny geljek ýylda şu maksatnama boýunça okamaga çagyrýaryn».

Şeýle-de diplomat iki ýurduň özara berk baglanyşygynyň çuňlugyny belläp geçdi. Hindistan bilen Türkmenistany gadymdan gelýän dostluk däp-dessurlary birleşdirýär.
«Ýurtda ýoganyň, aýurwedanyň, hindi diliniň we hindi kinolarynyň meşhurlygy artýar. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hindi dili we Aýurweda okuw otaglary açyldy, Ýoga we adaty lukmançylyk merkezinde bolsa her gün ähli isleg bildirýänler üçin sapaklar alnyp barylýar» diýip, ilçi nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda jenap Bandaru Wilsonbabu gadymy hindi filosofiýasynyň «Wasudhaiwa Kutumbakam» (Hemmämiz – bir maşgala) diýen pikirine ünsi çekdi. Diplomatik wekilhananyň başlygy Hindistanyň Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryna esaslanýan ösüş tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny tassyklady, şeýle-de iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň berkemegine hindi ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň «janly köpri» bolup hyzmat etjekdigine öz ynamyny bildirdi.
