Ï Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

view-icon 170
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda ýaşlaryň gatnaşmagynda iki günlük eko-syýahat çäresi geçirildi. Bu çäre «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we Global ekologiýa gaznasynyň «Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Çäräniň esasy maksady ýaş nesliň ekologik sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan we olarda tebigata bolan jogapkärçilikli garaýşy kemala getirmekden ybarat boldy. Ýaş tebigatçylar goraghananyň çäklerinde diňe bir tanyşlyk gezelençlerini amala aşyrman, eýsem hünärmenleriň gatnaşmagynda kenarýaka tokaýlarynyň ekoulgamy, sebitdäki seýrek duş gelýän guşlar we haýwanat dünýäsi baradaky bilimlerini hem baýlaşdyrdylar.

Amaly işjeňlige gönükdirilen bu gezelençde tebigaty arassa saklamagyň we ekologik taýdan dogry iýmitlenmegiň häzirki zaman kadalaryna möhüm orun berildi.

«Bu eko-syýahat tebigat bilen içgin tanyşmaga we onuň ekoulgamyny gorap saklamagyň ähmiýetine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Biz goraghananyň täsin dünýäsini öwrenmek bilen, tebigaty goramagyň her birimiziň mukaddes borjumyzdygyna ýene bir ýola göz ýetirdik. Şeýle çäreler ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetiniň kemala gelmeginde möhüm orun tutýar» - diýip, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň meýletinçisi Bahargül Kulyýewa gürrüň berdi.

Çäräniň ahyrynda oňa işjeň gatnaşanlara «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapynda Hormat hatlary gowşuryldy.

Guramaçylar bu eko-syýahatyň ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek we tebigy serişdelere aýawly çemeleşmegiň ähmiýetini amaly tejribede görkezmek babatda möhüm çäredigini belleýärler. Şeýle başlangyçlaryň ýaşlaryň ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky bilimlerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak boýunça giň gerimli işleri alyp barmaga hem itergi berýär.

Bu eko-syýahat ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek we tebigy serişdelere aýawly çemeleşmegiň ähmiýetini amaly tejribede görkezmek babatda möhüm çäre boldy.