Gazagystanyň Almaty şäherinde tamamlanan 2026-njy ýylyň mekdep okuwçylarynyň arasynda toparlaýyn dünýä çempionatynyň (WSTC 2026) Aziýa sebitleýin tapgyrynda paýtagtymyzdaky A.S. Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Osman Hemragulyýew medal gazananlaryň biri boldy. Ol bu üstünligi bu abraýly ýaryşda Türkmenistanyň adyndan çykyş eden mekdep okuwçylarynyň toparynyň düzüminde birinji tagtada gazandy.
Şweýsar ulgamy boýunça sekiz tapgyrda geçirilen bu ýaryşy Halkara küşt federasiýasy (FIDE) we Halkara mekdep küşt federasiýasy (ISCF) ýola goýdy. 2026-njy ýylyň mekdep okuwçylarynyň arasynda toparlaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çykmak üçin, ýeke-täk mümkinçilik ugrundaky ýaryşda Aziýanyň 19 ýurdundan 26 topar bir ýere jemlendi.

Düzgünnama görä, her topar dört esasy, 2012-nji we 2018-nji ýyllar aralygynda doglan bir ätiýaç oýunçydan we kapitandan ybarat bolmaly. Özi-de ýaryşyň şertlerine görä, her toparda azyndan bir oglan we bir gyz bolmaly.

Dünýä mekdep okuwçylaryň toparlarynyň çempionatynyň Aziýa tapgyrynda Özbegistanyň «Paýhas mekdebi» topary ýeňiji boldy. A.S. Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň topary bolsa 26 okuwçynyň arasynda 19-njy orny eýeledi, onuň okuwçysy Osman Hemragulyýew birinji tagtada oýnap, üçünji orny eýelemek bilen, bürünç medala we diploma mynasyp boldy. Bu ugurda birinji orny Kurçatow mekdebiniň (Moskwa, Russiýa) okuwçysy, ýaş halkara ussat Roman Şogjiýew (FIDE reýtingi: 2399) eýeledi.
Osman 5 ýaşyndan bäri küşt oýnaýar. Onuň tälimçisi halkara grossmeýster Maksat Atabaýew.

Ýaryş maksatnamasy oýun tapgyrlaryndan başga-da, grossmeýsterleriň we tälimçileriň ussatlyk sapaklaryny, tälimçiler we ene-atalar üçin bilim maslahatlaryny, medeni aň-bilim çärelerini öz içine aldy.
Toparlarymyzyň şeýle ýaryşlara gatnaşmagy mekdep okuw maksatnamasyna küşt sapagyny girizmek işinde möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň ýaş nesliň aňly-bilimli ösüşine gönükdirilen esasy strategik maksatlarynyň biri bolmagynda galýar.