Ï Kämil tehnologiýa, tutanýerli zähmet üstünligiň girewi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kämil tehnologiýa, tutanýerli zähmet üstünligiň girewi

view-icon 1217
Kämil tehnologiýa, tutanýerli zähmet  üstünligiň girewi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen ýurdumyzda döwrebap desgalardyr binalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär.

Gurluşygy alnyp barylýan desgalarda öz ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň özüne düşýän gymmatynyň pes bolmagyna, işleriň gysga möhletlerde amala aşyrylmagyna uly ýardam edýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, ýurdumyzda dünýäniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan gurluşyk serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär, şeýle hem öňden bar bolanlarynyň durky düýpli täzelenýär.

Gurluşyk üçin zerur bolan ýokary hil derejesindäki önümleri öndürýän şeýle desgalaryň biri-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän Lebap sement zawodydyr. Bu ýerde zawodyň 2-nji tapgyrynyň ulanylyşa berilmegi bilen ýokary hil derejesindäki sementiň öndürilişiniň has-da artandygyny belläp geçmek bolar.

Kärhanada işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başky üç aýynda 406 müň tonna golaý ýokary hilli sement öndürilipdir. Bu görkeziji geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 34 müň 800 tonna sementiň artyk öndürilendigini, önüm öndürmek boýunça ösüş depgininiň 9,4 göterime barabar bolandygyny aňladýar. Lebap sement zawodynda öndürilýän bu islegli gurluşyk serişdesiniň daşary ýurtlara hem uly möçberde eksport edilýändigini-de ýatlap geçmek bolar. Işleri göwnejaý guralan bu kärhanada esasy üç ugra – sementiň hiline, önümçiligiň tygşytlylygyna, şeýle hem ekologiýa aýratyn üns berilýär.

Kärhanada portland sementi, şeýle hem gidrotehniki binalaryň gurluşygynda ulanylýan sulfata durnukly ýokary hilli sement öndürilýär. Taýýar bolan önüm ýörite geçirijiler arkaly sement ammarlaryna ugradylýar we haltalara gaplanylyp awtoulaglarda, şeýle hem wagonlara guýlup, demir ýol arkaly sarp edijilere ýetirilýär. Sement öndürmekligiň yzygiderliliginiň merkezi dolandyryş bölüminiň hünärmenleri tarapyndan awtomatiki usulda alnyp barylmagy önümçiligiň gidişine berk gözegçilik etmeklige mümkinçilik berýär.

Zawodda öndürilýän önümleriň bada-bat ýurdumyzyň dürli künjegindäki sarp edijilere ugradylmagy bu ýerlerdäki gurluşyk işlerini bökdençsiz alyp gitmeklige ýardam edýär. Kärhanada önümçilige goýberilýän çig malyň, şonuň ýaly-da taýýar önümleriň hil derejesi bu ýerde hereket edýän barlaghanalar tarapyndan takyk anyklanylýar.

Lebap sement zawodynyň öňki hereket edýän bölüminde portland sementiniň S-400 we S-500 görnüşleri öndürilýän bolsa, onuň 2-nji tapgyrynda gurlan bölüminde has ýokary hilli S-600 görnüşli sementi öndürmeklige hem mümkinçilik döredilendir. Zawodda Germaniýanyň, Türkiýäniň we beýleki Ýewropa döwletleriniň belli kompaniýalarynyň iň kämil, häzirkizaman enjamlar toplumlarynyň ornaşdyrylmagy bu ýerde öndürilýän önümleriň dünýä ülňülerine laýyk gelmegini üpjün edýär.

Köýtendag sebitiniň gymmatly magdanlaryň gorlaryna baý bolmaklygy, sement öndürmeklik üçin zerur bolan hek daşynyň, kwars çägesiniň, gips we toýun ýaly çig mal känleriniň zawodyň çägine ýakyn ýerde ýerleşmekligi işleri bökdençsiz alyp gitmeklige we önümiň özüne düşýän gymmatyny azaltmaga şert döredýär. Bu bolsa zawodyň girdejisini artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Lebap sement zawodynda ýetilýän belent sepgitler kärhanada innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hem-de agzybirlikli çekilýän zähmetiň buýsandyryjy netijeleridir.