Ï Türkmenistanyň DIM-inde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-inde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 915

2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Arsen Awagýan bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Duşuşygyň dowamynda türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine iň ýokary derejedäki saparlaryň möhüm itergi berýändigi bellenildi.

Taraplar iki ýurduň köptaraplaýyn görnüşde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini, hususan-da BMG ýaly abraýly halkara düzümleriň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlara özara goldaw berýändigini hem bellediler.