Ï Düýeleriň baş sany artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Düýeleriň baş sany artýar

view-icon 749
Düýeleriň baş sany artýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy ugry bolan oba hojalygynda maldarçylyk pudagyny ösdürmekde uly göwrümli işler alnyp barylýar. Jemgyýetçilik mallarynyň baş sanyny artdyrmakda, tohumçylyk işini kämilleşdirmekde ylmy işler yzygiderli dowam etdirilýär. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky «Sakarçäge» maldarçylyk hojalygynda geçirilýän işler hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu düýedarçylyk hojalygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda düýelerden köşek almak möwsümi guramaçylykly alnyp barylýar. Hojalygyň kärendeçi maldarlary mallary gyşdan orta semizlikde alyp çykyp, bu jogapkärli möwsüme oňat taýýarlykly geldiler. Hojalykda köşek almak möwsümi Şyhmansur, Hanguýy ýaýlalarynda geçirilýär. Ot-çöpli öri meýdanlar düýeleriň we ýaş köşekleriň gök otlardan doýmagyna, sagdyn ösmegine ýardam berýär. Bu möhüm möwsümde sürülere goşmaça adam güýçleri hem berkidilipdir. Köşek almak möwsümi adatça her ýylda mart, aprel aýlaryna gabat gelip, weterinariýanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda geçirilýär. Şu möwsümde hojalygyň maldarlary 1 müň 858 baş ene düýelerden, 836 sany sagdyn köşek alyp, ösdürmeklige goýmaklygy meýilleşdirýärler. Her ýylda köşek almak möwsüminde maldarlar göz öňünde tutulan meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirip gelýärler. Häzirki wagtda şu ýyl düýelerden köşek almak möwsüminde bellenilen meýilnama 90 göterim ýerine ýetirildi.

Hünärmenleriň maglumatyna görä, häzirki wagtda hojalykda mallaryň baş sany 4 müň 53-e deň bolup, şonuň 760 sanysy täze bolan ýaş köşekler. Hojalygyň döredileni bäri geçen bir asyra golaý döwür içinde düýeleriň baş sany ilkinji gezek şu görkezijä ýetipdir. Uzak ýaýlalarda ýeňil bolmadyk kesp-kärinden döwlet tapyp, ony nesilden-nesle dowam etdirip gelýän maldar maşgalalar halkymyzyň dünýä malyna deňeýän, mukaddes jandar hasaplaýan düýe malyna ideg edip düýedarçylygy ösdürmäge uly goşant goşýarlar. Düýelere kärende usulynda ideg edilýär. Hojalykda 20 sany kärendeçi çopan topary bar.

Oba senagat toplumynyň maldarçylyk pudagyny ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň edýän taýsyz tagallalaryndan ruhlanyp zähmet çekýän düýe çopanlarynyň häzirki ýokary görkezijileri köşek almak möwsümini üstünlikli jemlejekdiklerini görkezýär.