«Arkadag» toparynyň futbolçylary Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2026-njy ýyl Türkmenistanyň çempionatyny «Ahal» toparyny 1:0 hasabynda utmak bilen başladylar.
Duşuşyk «Aşgabat» köpugurly stadionynda boldy.
Geçen ýyl «Arkadag» topary üçünji gezek Türkmenistanyň çempiony adyna, «Ahal» topary bolsa milli Birinjiligiň kümüş medalyna mynasyp boldy.
Iki sany ökde türkmen toparynyň duşuşygynyň ykbalyny «Ahal» toparynyň goragçysynyň oýnuň ikinji ýarymynda öz jerime meýdançasynda topa el degirendigi sebäpli yglan edilen jerime urgusy çözdi. On bir metrlik jerime urgusyny 64-nji minutda soňky milli Birinjiliklerde iň köp gol salan Didar Durdyýew amala aşyrdy.
Iki tapgyryň netijeleri boýunça «Arkadag» topary 6 utuk toplap, top sanynyň tapawudy boýunça, «Altyn asyr» bilen «Şagadam» toparlaryndan öňe geçmek bilen, ýaryş sanawynyň başyna geçdi.
Köp gol salanlaryň arasyndaky bäsleşikde 2 top salan Abdyresul Abdyýew («Merw») bilen Röwşengeldi Halmämmedow ( «Altyn asyr»), Resul Hojaýew ( «Arkadag»), Mekan Aşyrow ( «Altyn asyr»), Serdar Gulyýew ( «Şagadam»), Didar Durdyýew ( «Arkadag») dagy birinji ýere şärik boldular.
18-nji aprelde geçjek indiki tapgyrda «Arkadag» topary myhmançylykda «Altyn asyr» bilen duşuşar, «Ahal» topary bolsa «Merw» toparyny kabul eder. Şol gün «Şagadam» – «Köpetdag» we «Nebitçi» – «Aşgabat» toparlary-da duşuşarlar.