Futzal boýunça 2026-njy ýylyň esasy milli ýaryşy – Türkmenistanyň Naýbaşy ligasy Türkmenabatda geçen iki duşuşyk bilen başlandy.
Çempion ady ugrundaky bäsleşige sekiz topar gatnaşýar. Olaryň üçüsi – «Köpetdag», «Senagatbank» we «Migrasiýa» toparlary Aşgabada, ikisi – «Deňizçi» we TNGIZT toparlary Balkan welaýatyna, galan üçüsi, ýagny «Farap», «Gümrükçi» we «Nesil» toparlary bolsa Lebap welaýatyna wekilçilik edýär.
Deslapky tapgyrda bäsdeşler iki toparça bölünen. «A» toparçada «Köpetdag», «Farap», «Senagatbank» we «Gümrükçi» toparlary, «B» toparçada bolsa «Deňizçi», «Nesil», «Migrasiýa» we TNGIZT toparlary çykyş edýär.
Ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, toparlar birinji tapgyrda toparçalarda iki aýlaw oýnarlar. Bu tapgyryň duşuşyklary Lebap we Mary welaýatlarynda geçer. Deslapky tapgyryň netijeleri boýunça her toparçadan iki sany iň gowy topar gös-göni jemleýji aýlawa çykar. Galan toparlar bolsa 5-nji we 6-njy orunlar ugrunda goşmaça ýaryşda bäsleşerler. Bu olara jemleýji tapgyrdaky bäsdeşler bilen birleşmäge mümkinçilik berer.
Şeýlelikde, jemleýji aýlaw, alty toparyň gatnaşmagynda güýzde dört aýlawda geçer. Onuň netijesine görä-de, futzal boýunça Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky çempiony kesgitlener.
Ýaryşyň ilkinji gününde Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebiniň meýdançasyna «B» toparçadaky toparlar çykdylar.
Türkmenistanyň 2026-njy ýyl Naýbaşy ligasynyň açylyş duşuşygynda geçen ýylky milli Birinjiligiň kümüş baýragyny alan «Deňizçi» topary «Nesil» toparyny 7:1, TNGIZT bolsa «Migrasiýa» toparyny 7:5 hasabynda ynamly utdular.
Indiki duşuşyklar «A» toparçada bolar. Bu ýerde ilkinji bolup, «Köpetdag» we «Farap» toparlarynyň futzalçylary meýdança çykarlar, ondan soň «Senagatbank » bilen «Gümrükçi» toparlary öz aralarynda oýnarlar.
Ýatladýarys. Geçen ýylky Birinjiligiň netijeleri boýunça, «Köpetdag» topary bäşinji gezek Türkmenistanyň futzal boýunça çempiony bolupdy. Özi-de soňky dört gezekde – ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň çäginde. Kümüş medal «Deňizçi» toparyna, bürünç medal bolsa bu ýyl Naýbaşy liga gatnaşmaýan «Ahal» toparyna miýesser bolupdy.
2025-nji ýylyň iň gowy futzalçysy diýlip, Aşgabadyň «Köpetdag» toparynyň hüjümçisi Gurbangeldi Sähedow, iň köp gol salan oýunçy diýlip bolsa onuň topardaşy Mülkaman Annagulyýew ykrar edildi.
Iň gowy tälimçi diýlip «Ahal» toparynyň halypasy Ahmet Kerwenow, iň gowy derwezeçi diýlip «Deňizçi» toparynyň derwezebany Rahymberdi Halmämmedow ykrar edildi.
Geçen futzal möwsüminiň iň gowy emini hökmünde Mekan Toýlyýewiň ady agzaldy. «Fair Play» baýragy bolsa TNGIZT toparçasyna ýetdi.