2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň çäklerinde duşuşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletleriň arasynda ýokary döwlet derejesinde alnyp barylýan ynanyşykly we yzygiderli gepleşikleriň netijesinde hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler.
Ministrler syýasy-diplomatik ugur boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ýakyn aýlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelerine taýýarlyk meselelerine seretdiler.
Şeýle hem iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy.