Ï Türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 405
Türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Andreý Sibiganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny dowam etdirmek we mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taraplaryň umumy meýli tassyklanyldy.

Amaly hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine hem-de ynsanperwer ugur boýunça gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garaldy.