22-nji aprelde Astana şäherinde geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählumumy howa wehimlerine garşy göreşmekde tagallalaryny birleşdirmäge çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyz howanyň üýtgemeginiň suw serişdeleriniň azalmagyna, ýerleriň zaýalanmagyna we migrasiýa amallaryň artmagyna getirýändigini nygtap, munuň halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi talap edýändigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti özara gatnaşyklaryň amaly guraly hökmünde sebit ýurtlarynyň çäginde ýöriteleşdirilen düzümleri döretmegi teklip etdi. Hususan-da, Aşgabat howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini we çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu merkezleriň gönüden-göni Merkezi Aziýada ýerleşdirilmeginiň ekologiýa wehimlerine has netijeli we çalt seslenmäge, amaly tejribä hem-de milli düzümler bilen ýakyn gatnaşyklara esaslanmaga mümkinçilik berjekdigine aýratyn üns çekdi.