Ï Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda «Ahal» we «Altyn asyr» toparlary deňme-deň oýnadylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda «Ahal» we «Altyn asyr» toparlary deňme-deň oýnadylar

view-icon 1730
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda «Ahal» we «Altyn asyr» toparlary deňme-deň oýnadylar
camera-icon
tff.com.tm

Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň esasy duşuşyklarynyň biri «Ahal» bilen «Altyn asyr» toparlarynyň arasynda geçirildi. Häzirki milli birinjilikde bu toparlar şu wagta çenli ýurdumyzyň häzirki çempiony «Arkadag» toparyndan birmeňzeş 0:1 hasap bilen utulyp, hersi bir ýeňlişe sezewar boldy. Emma türkmen futbolynyň taryhynda bu garşydaşlaryň arasyndaky bäsdeşlikde çempionlygyň ykbaly çözülýän ýagdaýlar az bolmandy.

Geçen ýyl «Ahal» we «Altyn asyr» toparlary Aziýanyň toparçalaýyn ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik etdiler: Türkmenistanyň futbol çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi «Ahal» topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn duşuşyklarynda çykyş etdi, «Altyn asyr» bolsa AFK-nyň Çagyryş ligasynda oýnady.

Bu duşuşyk «Ahal» toparynyň öý meýdançasy hasaplanýan «Aşgabat» köpugurly stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirildi. Garaşylyşy ýaly, oýun dartgynly ýagdaýda geçdi, munuň subutnamasy hökmünde duşuşykda emin B.Atdyýew tarapyndan iki toparyň futbolçylaryna jemi ýedi sany sary kart berildi.

Duşuşygyň dowamynda «Ahal» hem-de «Altyn asyr» toparlarynyň futbolçylary ýeňiş gazanmak üçin uly tagalla etdiler. Şeýle-de bolsa, taraplaryň hiç biri hasaby açyp bilmedi. Netijede, oýun 0:0 hasabynda deňlik bilen tamamlandy we toparlaryň hersi bir utuk gazandy. Şondan soň «Ahal» toparynyň utuk sany 5-e ýetip, ýaryş tertibinde altynjy orny eýeledi, «Altyn asyr» topary bolsa 7 utuk bilen üçünji orunda ýerleşdi.

Dördünji orunda ýerleşýän Marynyň «Merw» topary hem öz meýdançasynda «Aşgabat» toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, 7 utuk toplady. Öý eýelerine ýeňiş getiren pökgüleri Mukam Nazyýew (39-njy minut) we Abdyrasul Abdyýew (59-njy minut) geçirdi. Myhmanlar bolsa goşmaça wagtda, 97-nji minutda Didar Didarowyň pökgüsi bilen hasaby açdylar.

Şeýle hem Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» topary ikinji ýeňşini gazanyp, «Köpetdag» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Ýeke-täk pökgini 38-nji minutda Begenç Mämiýew geçirdi, bu bolsa toparyň ýaryş tertibinde altynjy orna çykmagyna mümkinçilik berdi.

Ýatladyp geçsek, bäşinji tapgyryň öňüsyrasynda 12 utuk bilen «Arkadag» topary öňde barýar. Ondan 3 utuk yza galýan Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» topary indiki tapgyrda öz meýdançasynda «Ahal» topary bilen duşuşar.