Ï «GEELY» türkmen maşgalalary üçin amatly awtoulaglary hödürleýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«GEELY» türkmen maşgalalary üçin amatly awtoulaglary hödürleýär

view-icon 780
«GEELY» türkmen maşgalalary üçin amatly awtoulaglary hödürleýär

Türkmen-hytaý işewürler forumynyň çäklerinde Aşgabatda geçirilýän sergide «GEELY» awtoulagynyň görkezilişi myhmanlaryň aýratyn ünsüni özüne çekdi. Awtoulagyň bu görnüşiniň Türkmenistandaky resmi distribýutory – «Bereket gözbaşy» kompaniýasy giň model hataryny hödürledi we içerki alyjylar üçin amatly şertleri yglan etdi.

Sergi meýdançasynda Hytaýyň iň uly awtoulag öndürijileriniň biriniň 10-dan gowrak görnüşi görkezilýär. Serginiň iň esasy bölegi türkmen bazarynda eýýäm meşhurlyk gazanan «Geely Monjaro» maşgala krossoweri boldy.

«Bereket gözbaşy» kompaniýasynyň wekili Altyn Mudraýa «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysynyň sowallaryna jogap berip, bu modeliň esasy artykmaçlyklaryny belläp geçdi.

«Ilkinji nobatda howpsuzlygydyr. Awtoulag 19 sany howpsuzlyk ýassygy bilen enjamlaşdyrylan, sürüjiniň we ýolagçylaryň gorag derejesi boýunça öz ugrundan öňdäki orunlary eýeleýär. Ikinji artykmaçlygy bolsa uýgunlaşma mümkinçilikleridir. Awtoulagyň intellektual ulgamlary ony dürli howa şertlerine – güýçli yssy, ýagyn, buzlylyga ýa-da aşa sowuk ýaly ýagdaýlara netijeli uýgunlaşdyrýar» – diýip, awtosalonyň işgäri gürrüň berdi.

Distribýutor öz satuw strategiýasyny Türkmenistanyň raýatlary üçin awtoulaglaryň mümkin boldugyça elýeterli bolmagyna gönükdirýär. Esasy ugurlaryň biri hökmünde alyjylaryň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen amatly maliýeleşdirme maksatnamalary girizildi.

«Biz gepleşiklere açykdyrys we her bir müşderiniň islegine uýgunlaşmaga taýýardyrys. Bu gönüden-göni zawoddaky üpjünçiliklere-de, aýratyn komplektasiýa saýlamaga-da degişlidir. Biz raýatlar hem-de guramalar bilen işleýäris» – diýip, «Bereket gözbaşy» kompaniýasynyň wekili sözüni dowam etdi.

Kompaniýa satuwdan soňky hyzmatlara aýratyn üns berýär we halkara awtoulag standartlaryny berk berjaý edýär. Türkmenistanda «GEELY»-niň eýeleri üçin 3 ýyllyk resmi kepillik, döwrebap enjamlaşdyrylan ýörite hyzmat merkezi we Aşgabatdaky ammarda awtoulagyň ähli tehniki bölekleri üçin hemişelik ätiýaçlyk şaýlarynyň bolmagy üpjün edilýär.

«GEELY»-niň sergä we ikitaraplaýyn işewürler forumyna gatnaşmagy onuň Türkmenistandaky ornuny berkitmäge, diňe bir türkmen maşgalalary üçin döwrebap awtoulaglary däl, eýsem toplumlaýyn, dünýä derejesindäki hyzmat ulgamyny hödürlemäge ygrarlydygyny tassyklaýar» – diýip, söhbetdeşimiz sözüni jemledi.