Ï Aşgabatda Hytaýdan getirilýän pagta görnüşleri görkezildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Hytaýdan getirilýän pagta görnüşleri görkezildi

view-icon 698
Aşgabatda Hytaýdan getirilýän pagta görnüşleri görkezildi

Paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy we onuň ýanyndaky sergi öz işini dowam edýär, onda Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalary öz mümkinçiliklerini görkezýärler.

Pagta öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri hökmünde Hytaý ýokary hasylly, ir ýetişýän, kesellere we agyr howa şertlerine durnukly pagta görnüşlerini ösdürmäge aýratyn üns berýär.

Aşgabatdaky sergide 20 ýyldan gowrak tejribesi bolan «Jinfengyuan Seed Industry» kompaniýasy hytaý pagtasynyň häzirki zaman görnüşlerini – «Sinlýu-Zao 78» (Xinluzao 78), «Sinlýu-Çžun 68» (Xinluzhong 68) we «J206-5» görkezdi. Bu görnüşler Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitinde giňden ulanylýar. Olar süýümiň ýokary derejede birmeňzeşligi we goşundylaryň azlygy bilen tapawutlanýar, bu bolsa häzirki zaman dokma senagatynyň talaplaryna hem-de ýokary tizlikli enjamlaryň standartlaryna doly laýyk gelýär.

Kompaniýanyň hünärmenleriniň bellemegine görä, bu görnüşleri pagtaçylyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde Özbegistanda işjeň ornaşdyrylýar we oňyn netijeleri berýär. Goňşy ýurduň üstünlikli tejribesi Türkmenistanda hem hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin esas bolup biler. Häzirki oba hojalyk möwsüminde ýurduň meýdanlarynda däp bolan türkmen görnüşleri bilen birlikde Hytaýyň Sinszýan sebitinden getirilen tohumlar synag tertibinde ekildi we olaryň ýerli şertlere uýgunlaşmasy hem-de hasyl berijilik mümkinçilikleri öwrenilýär.

«Jinfengyuan Seed Industry» kompaniýasy biologiki seçgi boýunça öňdebaryjy ylmy-barlag ulgamyna we tohumlary gaýtadan işlemek boýunça döwrebap önümçilige eýedir. Hytaýda we Özbegistanda 40 000 gektar ýer meýdany bolan kompaniýa dünýä derejesinde satuw toruny döredip, türkmen hyzmatdaşlaryna tehniki hyzmatlaryň giň toplumyny hödürlemäge taýýar.

Aşgabatdaky foruma gatnaşmak täze işewür hyzmatdaşlary tapmak we göni aragatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda oba hojalyk pudagynda tehnologik innowasiýalary we uzak möhletli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berer.