Türkmenistan 9 – 10-njy maýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine ahalteke atlaryny çykarar. Behişdi bedewlerimiziň şöhratyny has-da artdyrmak maksady bilen geçirilýän bu halkara çärä gatnaşmaga görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer T.Atahallyýew hasabat berdi.
Ol, şeýle hem türkmen wekiliýetiniň Özbegistana boljak saparynyň çäginde «Ahalteke bedewi – halklaryň dostlugynyň nyşany» atly maslahata gatnaşmagynyň hem göz öňünde tutulýandygyny yglan etdi.
Guramaçylaryň aýtmagyna görä, çäräniň birinji gününde 1000 metrden 2400 metre çenli aralykda çapyşyklar, ikinji gününde bolsa gözellik we syn bäsleşigi, şeýle hem ahalteke bedewiniň nusgalyk gözelligini dünýä görkezmek üçin niýetlenen «Gündogaryň merjeni» atly gezimli sergi bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, agzalan atly sport we gözellik bäsleşiklerine ýurdumyzyň atşynaslaryny, ahalteke bedewlerini gatnaşdyrmak babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ýatladyp geçsek, ýurdumyzda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýär.