Ï Türkmen wekiliýeti Windzor halkara atly oýunlara we atly ýaryşlara gatnaşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti Windzor halkara atly oýunlara we atly ýaryşlara gatnaşar

view-icon 193
Türkmen wekiliýeti Windzor halkara atly oýunlara we atly ýaryşlara gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýurduň Patyşa maşgalasy tarapyndan 16 – 17-nji maýda geçiriljek Windzor halkara atly oýunlaryna we ýaryşlaryna gatnaşar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow yglan etdi.

Häzirki wagtda agzalan çäreleriň çäginde ahalteke atlaryna we türkmen atşynaslyk däplerine bagyşlanan sergini guramak boýunça işler alnyp barylýar.

«Royal Windsor Horse Show» 1943-nji ýyldan bäri Beýik Britaniýanyň Windzor galasynyň seýilgähinde geçirilýän abraýly halkara çäredir. Ol Beýik Britaniýada ata baş öwretme, bökdürme, paýtun sürme, çapdyrma boýunça halkara ýaryşlar we giň möçberli syn bäsleşiklerini geçirýän ýeke-täk çäredir. Onda jemi 130-dan gowrak ýaryş görkezilýär. Bu çäre medeni alyş-çalşygy we dünýäniň dürli ýurtlarynyň milli atşynaslyk däpleriniň görkezilmegi üçin möhüm ýerlikdir. Ol 50 müňden gowrak myhmany özüne çekýär we atçylyk harytlary hem sowgatlar satýan 170-den gowrak dükan hödürleýär.

Windzor halkara atly oýunlaryna we ýaryşlaryna adatça Patyşa maşgala agzalary gatnaşýar, çünki ol özüniň baý taryhy we ýokary guramaçylyk derejesi bilen meşhurdyr.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu atly oýunlardyr, ýaryşlaryň ahalteke bedewine bagyşlanan şanly ýylda geçirilmegi aýratyn ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Şu babatda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän ýyl mynasybetli türkmen wekiliýetiniň Londona (Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna) boljak iş saparyna ýeterlik derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini nygtady.