Ï Türkmenistanyň türgenleri 2026-njy ýylyň dört aýynda 169 medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň türgenleri 2026-njy ýylyň dört aýynda 169 medal gazandylar

view-icon 194
Türkmenistanyň türgenleri 2026-njy ýylyň dört aýynda 169 medal gazandylar

Şu ýylyň ýanwar – aprel aý aralygynda Türkmenistanyň türgenleri halkara ýaryşlarynda jemi 169 medala mynasyp boldular. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow 2026-njy ýylyň dört aýyndaky durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda habar berdi.

Aprel aýynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň gazanan sylaglarynyň sany 46 medal bilen dolduryldy. Şunuň bilen birlikde, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi, Arkadag şäherinde we welaýatlarda bolsa medeni we sport çäreleri guraldy. Şeýle hem ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda ylmy-amaly maslahatlar we dürli dabaralar geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty jemläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryndaky işleriň talaba laýyk guralmagyny, lukmançylyk edaralarynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegini hem-de sport desgalarynyň netijeli ulanylmagyny hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen bir hatarda, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ösüp gelýän nesliň giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalar babatda kämil sowatly bolup ýetişmegi ugrunda degişli çäreleriň görülmeginiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.