Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň şu ýylyň ýanwar – aprel aýlaryndaky makroykdysady görkezijileri yglan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen dört aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. «Ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini bellemek gerek» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň agzalaryna kabul edilen ähli döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.