2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Söhbetdeşligiň başynda türkmen tarapy 5-6-njy maýda geçirilmegi meýilleşdirilen «Yerevan Dialogue 2026» atly abraýly halkara forumyna gatnaşmaga çakylygy üçin ermeni tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Gepleşikleriň barşynda diplomatlar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini tassykladylar. Ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýady bolup hyzmat edýändigi bellenildi. Ministrlikleriň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň geçirilmegi hyzmatdaşlygyň möhüm guraly hökmünde görkezildi.
Taraplar halkara meýdançalaryndaky ýakyn özara gatnaşyklary bellediler. Şunlukda türkmen tarapy abraýly dünýä düzümleriniň çäginde öňe sürülýän Türkmenistanyň daşary syýasy başlangyçlaryny goldandygy üçin ermeni tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ugry boýunça duşuşyga gatnaşyjylar özara söwdany diwersifikasiýalaşdyrmak we göwrümini köpeltmek üçin bar bolan gurallary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň utgaşdyryjy orny bellenildi. Şeýle hem iki ýurduň täjirçilik düzümleriniň we hususy pudagynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin şertleri döretmäge taýýarlyk bildirildi.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek barada aýdylanda bolsa, onuň ýokary derejesi bellenildi. Halklaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary has-da berkitmek maksady bilen, türkmen tarapy Ermenistanda Türkmenistanyň nobatdaky Medeniýet günlerini geçirmek baradaky teklibi öňe sürdi.