Ï Pilä ideg işleri gowşamaýan depginlerde dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pilä ideg işleri gowşamaýan depginlerde dowam edýär

view-icon 43
Pilä ideg işleri gowşamaýan depginlerde dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly-at myradyň mekany» ýylynda gymmatly önüm hasaplanýan piläniň öndürilýän möçberlerini köpeltmek, ýerli çig mal serişdeleriniň senagat taýdan gaýtadan işlenilmegini döwrebap ýola goýmak milli ykdysadyýetimizde ileri tutulýan möhüm wezipeleriň biridir. Bu derwaýys işlerde-de ösen tehnologiýalara daýanmak, ýüpekçilik pudagynda öndürijilikli zähmeti höweslendirmek ýaly işlere uly üns-ähmiýet berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna mynasyp zähmet çekýän Günbatar sebitiň pileçileri-de şu günler maksatly menzillere tarap ynamly gadam urýarlar. Has takygy, olar şu ýylda 25 tonna pile taýýarlap, döwlete tabşyrmagy meýilleşdirýärler. Hut şonuň üçin hem Balkan welaýatynyň tebigy şertlerine uýgunlaşan, ýokary hilli önüm berýän sagdyn gurçuk tohumynyň 685 gaby tejribeli ýüpekçilere öz wagtynda degişli şertnamalar esasynda paýlanyp berildi.

Magtymguly etrabara pile kabul ediş we guradyş kärhanasy bilen şertnama baglaşan ýüpekçilerem netijeli zähmet çekip, boýun alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etjekdiklerine pugta ynanýarlar. Welaýat boýunça öndüriljek 25 tonna piläniň hem 18 tonnasy Magtymguly etrabynyň ýüpekçileriniň paýyna düşýär. Şonuň ýaly-da Gyzylarbat etrabynyň ýüpekçileri 6 tonna, Bereket etrabynyň pileçileri hem 1 tonna gymmatly önümi öndürerler.

Şu günlerde bolsa pileçiler ýüpek gurçuklaryna göwnejaý ideg işlerini gowşamaýan depginlerde gyzgalaňly dowam etdirýärler. Ýeri gelende aýtsak, iýmitlendiriş otagynyň ýylylyk, çyglylyk, ýagtylyk derejesiniň hem-de howanyň çalşygynyň talabalaýyk üpjün edilmegi oňyn netijeleri berýär.

Magtymguly etrabara pile kabul ediş we guradyş kärhanasynyň tejribeli hünärmenleriniň bize gürrüň bermeklerine görä, welaýatda ýüpek gurçugynyň Hytaý Halk Respublikasyndan getirilýän tohumlary şowly çykýar. Şeýle tohumlar ählitaraplaýyn ygtybarlylygy, önüm berijiligi, şol sanda kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de welaýatda ýüpek gurçuklaryny kadaly iýmitlendirmek üçin degişli tut baglarynyň ýeterlik gorlary bar. Munuň özi, asylly maksatlara ýetmek ugrunda irginsiz zähmet çekýän ýüpekçilere mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly-at myradyň mekany» ýylynda ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmaga mümkinçilik berer.