Ï Edermenlik hakydasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Edermenlik hakydasy

view-icon 77
Edermenlik hakydasy

1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda türkmen esgerleriniň söweş meýdanlarynda görkezen gahrymançylygy, şeýle hem ýurdumyzyň ilatynyň tylda çeken yhlasly zähmeti baradaky taryhy hakydany saklamaga bagyşlanan sergi Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergiler zalynda ýaýbaňlandyryldy. Däp boýunça, bu sergi muzeýiň hemişelik hereket edýän «Şöhrat» atly tematiki bölüminiň işgärleri tarapyndan guraldy.

Sergide onlarça gymmatlyklar, şol sanda şahsy zatlar, resminamalar, fotosuratlar, saz gurallary, uruş döwrüne degişli öý goşlary, şeýle hem surat eserleri, heýkeller we beýleki gymmatlyklar görkezilýär.

Sergä gelen myhmanlar uruş weteranlarynyň sylaglaryny, dürli resminamalaryň we esgerleriň hatlarynyň nusgalaryny, fotosuratlaryny, «Hatyra» kitabynyň neşirlerini, şol sanda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan Daşoguz welaýatyndan bolan türkmenistanly gahrymanlara bagyşlanan jildi hem görüp bilerler.

Şeýle-de sergide Sowet Soýuzynyň Gahrymanlary Saparmät Hojaýewiň, Annagylyç Ataýewiň, Jumagaly Kaldykaraýewiň we Jumanyýaz Hudaýbergenowyň heýkelleri ýerleşdirilipdir.

Serginiň gymmatlyklary gelýänleri edil uruş ýyllarynyň gurşawyna alyp gidýän ýalydyr. Esasan-da, şol agyr döwürde watandaşlarymyzyň mertligini we gaýduwsyzlygyny görkezýän özboluşly resminama ýyl ýazgysy hökmünde çykyş edýän fotosuratlar çuňňur täsir galdyrýar.

Uruş ýyllarynda Daşoguz welaýatyndan takmynan 30 müň ýaşaýjy fronta gidipdir. Olaryň 8 müňden gowragy söweş meýdanlaryndan dolanyp gelmän, wepat bolupdyr ýa-da dereksiz ýitdi hasaplanypdyr.

Şu günler ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde watandaşlarymyzyň gahrymançylykly edermenligine uly hormat goýmagy maksat edinýän dürli jemgyýetçilik-medeni çäreler geçirilýär. Häzirki sergi hem şolaryň biri bolup, halkymyzyň görkezen mertligini, gaýduwsyzlygyny, zähmetsöýerligini we jebisligini, şeýle hem Beýik Ýeňşe goşan mynasyp goşandyny hakydada saklamaga ýardam edýär.