Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk bilen birlikde, Esasy Kanunymyz hem-de döwlet nyşanlarymyz türkmen halkynyň döwletliligini, onuň gymmatlyklaryny, maksatlaryny, wezipelerini hem-de döwlet syýasatynyň ugurlaryny şöhlelendirýär.
Türkmenistanda Konstitusiýa milli hukuk ulgamyny berkitmekde aýratyn möhüm orun eýeleýär. Ösüşiň täze tapgyrynyň kanunçylyk binýady 2008-nji, 2016-njy we 2020-nji ýyllarda geçirilen konstitusion özgertmeler arkaly pugtalandyryldy. Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Esasy Kanunda berkidilmegi, Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji başlangyçlaryň öňbaşçysy hökmünde ykrar edilmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Ýurdumyzda halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän milli döwletlilik nusgasyny döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwletimiz dolandyryşyň demokratik ýörelgelerini kämilleşdirmek maksady bilen, baý taryhy tejribesine daýanyp, ynsanperwer we adalatly jemgyýeti gurmak maksatnamalary durmuşa geçirýär. Soňky onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň Esasy Kanuny halk bilen häkimiýetiň bitewüligini berkitmegiň binýadyna öwrüldi we täze döredijilik eýýamyna ýol açdy.
Konstitusiýada döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň kanunçylyk esaslary berkidilendir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy adam hukuklaryny goraýar, döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň demokratik ýörelgelerini berkidýär hem-de ýurdumyzyň ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen täze redaksiýada kabul edilen hem-de jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynyň talaplaryna uýgunlaşdyrylan Esasy Kanunymyz demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde bitewüligi, kanunyň hökmürowanlygyny we hukuk tertibini şöhlelendirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň baş aýratynlygy onuň adamyň tebigy we aýrylmaz hukuklaryny kepillendirmeginden ybaratdyr. Şahsyýet, onuň hukuklary we azatlyklary türkmen jemgyýeti üçin iň ýokary gymmatlyk bolup durýar.
Konstitusiýanyň 4-nji maddasyna laýyklykda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir.
Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar».
Esasy Kanunyň kämilleşdirilmegi durmuş-ykdysady özgertmeler bilen utgaşyp, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň kepili bolup çykyş edýär hem-de Türkmenistanyň häzirki we geljek nesilleriň abadan durmuşyny üpjün edýär.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň hukuk ýagdaýy, beýany we ony ulanmagyň tertibi kanun arkaly kesgitlenendir. Milli baýdagymyz türkmen halkynyň baý mirasyny, medeniýetini, döwletliligini, arzuw-isleglerini, parahatçylyk söýüjiligini hem-de ýurdumyzyň bagtyýar geljege bolan ynamyny alamatlandyrýar.
Döwlet baýdagymyz dünýäniň ähli künjeklerinde, jemgyýetçilik guramalarynyň, edaralaryň, binalaryň we öýleriň üstünde pasyrdap dur. Döwlet baýdagymyz Türkmenistanyň halklarynyň döwletliliginiň we jebisliginiň nyşanydyr.
Baýdak türkmen halky üçin Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyzy, beýik geçmişimizi, bagtyýar şu günümizi we ýagty geljegimizi, namysymyzy hem-de mertebämizi alamatlandyrýan bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ýüzünde gadymy haly nagyşlary, bäş ýyldyzly ýarymaý hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň nyşany hökmünde zeýtun şahalary ýerleşdirilen ýaşyl Tugumyz dünýäde ýurdumyzyň we edermen halkymyzyň şöhratyny dabaralandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes baýdagymyz jebisligimiziň we parahatçylyk söýüjiligimiziň, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarlylygymyzyň beýany hökmünde belentde pasyrdaýar. Döwletliligimiziň bu nyşany dünýä halklaryny dostluga we doganlyga, hoşniýetli hyzmatdaşlyga çagyrýar hem-de ynsanperwerlik, parahatçylyk döredijilik we özygtyýarlylyk ýörelgelerini beýan edip, halkymyzy beýik maksatlara tarap birleşdirýär.
Baýdak ähli döwürlerde halklaryň belent ruhunyň nyşany hem-de milletiň arzuw-islegleriniň beýany hasaplanypdyr. Baýdak baradaky maglumatlara edebi çeşmelerde hem duş gelmek bolýar. Baýdak milletiň mizemez ruhunyň nyşany hökmünde kabul edilipdir. Adam hukuklarynyň goralmagy, Watanyň parahatçylygynyň we halkyň jebisliginiň üpjün edilmegi ýaly milli aýratynlyklaryň bolmagy, döwletimiziň Konstitusiýa laýyklykda ösüşiniň kepilidir. Türkmenistanyň Esasy Kanuny we belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagy şöhratly geçmişi, häzirki döwrüň beýikligini hem-de ýagty geljegi özünde jemleýän milli gymmatlyklardyr.
Aşgabatda Konstitusiýa binasy we Baş baýdak meýdançasy bina edildi, welaýat merkezlerinde hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda beýik baýdak sütünleri bilen Baş baýdak meýdançalary guruldy. Olaryň ýüpek tuglary asmanda belentde pasyrdap, halkymyzyň watansöýüjiligini we jebisligini, üstünliklerimizi we gazananlarymyzy alamatlandyrýar hem-de milletiň mirasyna bolan çäksiz hormatyň nyşany bolup çykyş edýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy ýüzýyllyklaryň dowamynda kemala gelen milli döwletliligiň nyşanlarydyr. Olar halkymyzyň buýsanjynyň, mertebesiniň we abraýynyň tükeniksiz çeşmesi, onuň beýik üstünlikleriniň, abadançylygynyň we halkara abraýynyň beýanydyr.
18-nji maý milletiň bitewüligini we jebisligini alamatlandyrýan, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hem-de adalatly raýat jemgyýeti baradaky garaýyşlaryny şöhlelendirýän senedir. Konstitusiýa bolsa üstünliklerimiziň, abadançylygymyzyň we özygtyýarlylygymyzyň ygtybarly daýanjydyr. «Adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr» diýen konstitusion ýörelge biziň syýasatymyzyň we «Döwlet adam üçindir!» hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarymyzyň esasyny düzýär. Şeýle hem bu ýörelge Garaşsyz Watanymyzyň ösüş we rowaçlyk ýolunda öňe gitmeginiň, mizemez jebisligiň we agzybirligiň güýç çeşmesidir.
Esasy Kanun, adam hukuklary we azatlyklary boýunça halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary, demokratiýa, parahatçylyk, dostluk, adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri, milli döwletliligi gurmagyň köp asyrlyk tejribesi, Watana bolan mizemez söýgi, halkyň jebisligi we yhlasly zähmeti häzirki wagtda hem Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyzy berkitmekde, ýurdumyzyň ösüşini üpjün etmekde we türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakda bize daýanç we ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň dünýä parahatçylygyny, howpsuzlygyny we durnuklylygyny goldamaga gönükdirilen daşary syýasat strategiýasy hem döwletimiziň Konstitusiýasynyň kadalary bilen kesgitlenendir.
Her ýyl 18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän çärelere ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşýarlar. Dabaralara Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we halkara guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda baýramçylyk konsertleri we medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär.