Ï Ýokary taýýarlyk ̶ bol hasylyň girewi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary taýýarlyk ̶ bol hasylyň girewi

view-icon 85
Ýokary taýýarlyk ̶ bol hasylyň girewi
Ýokary taýýarlyk ̶ bol hasylyň girewi
Ýokary taýýarlyk ̶ bol hasylyň girewi
Ýokary taýýarlyk ̶ bol hasylyň girewi
Ýokary taýýarlyk ̶ bol hasylyň girewi
Ýokary taýýarlyk ̶ bol hasylyň girewi
Ýokary taýýarlyk ̶ bol hasylyň girewi
Ýokary taýýarlyk ̶ bol hasylyň girewi

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ̶ bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Balkan welaýatynyň oba hojalykçylary 2026-njy ýylyň hasyly üçin geçen güýzde ekilen 50 müň gektar bugdaý meýdanyndan bol we ýokary hilli hasyl ýygnamaklygy maksat edinýärler. Bu ugurda olar hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirýän iş maslahatlarynda ýetip gelýän bugdaý oragy mynasybetli berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, iş depginlerini barha güýçlendirýärler. Has takygy, olar öňde duran jogapkärli möwsümde ulanyljak däne orujy kombaýnlary, beýleki oba hojalyk tehnikalary, gurallary, şol sanda galla kabul ediş bölümlerindäki enjamlary gözden geçirmekde, abatlamakda zerur çäreleri görýärler. Şeýle-de welaýatyň hasyl ussatlarynyň şu ýyl döwlet harmanyna 80 müň tonna däne tabşyrmak baradaky maksatlarynyň hasyl boljakdygyna pugta ynanýarlar. Şanly ýylda ýetişdirilen bol hasyl welaýatyň daýhan birleşiklerinde, daýhan hojalyklarynda zähmet çekýän kärendeçi we telekeçi daýhanlaryň, ýer eýeleriniň, mülkdarlaryň azaplarynyň ýerine düşjekdigine aýdyň güwä geçýär.

Möhüm möwsüme taýýarlygyň çäklerinde gyzgalaňly dowam edýän işlerde-de “Balkanobahyzmat” önümçilik birleşiginiň mehanizatorlary, inžener-tehniki işgärleri has-da işjeňlik görkezýärler. Bu ýerde galla oragynda işlediljek kombaýnlar, tehnikalar irgözinden taýýarlyk hataryna çykaryldy. Birleşigiň Gyzylarbat, Bereket etraplaryndaky “Obahyzmat” kärhanalary tarapyndan «СLAAS», “Keýs”, «John Deere» kysymly däne orujy kombaýnlaryň 100-den gowragy gözden geçirildi. Olarda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin öňüni alyş çäreleri görüldi.

Möwsümde ýörite döredilen tehniki hyzmat ediş toparlar hem işlär. Hünärmenleriň gürrüň bermeklerine görä, düzüminde kebşirleýjiler, abatlaýjylar, mehanikler we beýleki jogapkär adamlar bolan bu toparlar gije-gündiziň dowamynda iş üstünde bolarlar.

Welaýatyň galla kabul ediş kärhanalary, şeýle-de Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasyndaky her biri 50 müň we 30 müň tonna däne saklamaga niýetlenen elewatorlar, dänäniň hilini kesgitlejek barlaghanalar hem möwsüme taýyarlanyldy. Galla oruljak meýdanlarda, meýdan düşelgelerinde, däne kabul ediş nokatlarynda, ýerlerde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça-da derwaýys çäreler geçirilýär.