Türkmenbaşy şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasy geçirildi. Bu waka ýurdumyzyň ulag strategiýasyny durmuşa geçirmekde hem-de döwletimiziň Ýewraziýanyň möhüm logistika merkezleriniň biri hökmündäki ornuny pugtalandyrmakda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistan tarapyndan Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça halkara ulag geçelgelerini ösdürmekde alnyp barylýan işleriň aýratyn ähmiýetini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda täze demir ýol we awtomobil ýollaryny, halkara derejeli döwrebap howa menzillerini hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny öz içine alýan kuwwatly ulag-logistika ulgamy döredildi.

«Häzirki döwürde biz gadymy Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde dikeltmek ugrunda ähli tagallalary edýäris. Bu ugurda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde hem netijeli işler alnyp barylýar. 2018-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde möhüm waka boldy» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
2018-nji ýylda işe başlan gününden bäri kärhana birnäçe abraýly halkara sertifikatlaryna eýe bolup, dünýä ülňülerine laýyk gelýändigini tassyklady.

Täze «Gadamly» gury ýük gämisi ýerli hünärmenleriň koreýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki işiniň aýdyň netijesi boldy. Gäminiň ýük göterijilik kuwwaty 6 müň 100 tonna deňdir. Döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bu gämi hersi 20 tonnalyk 240 sany ýük konteýnerleri daşamaga ukyplydyr.
Milli deňiz-söwda flotuny ösdürmek işleri ýokary depginde dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň dowamynda koreýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde şuňa meňzeş derejeli ýene bir «Menzil» gäminiň ulanmaga beriljekdigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze gämileriň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gülläp ösmegine hem-de Hazar deňzi sebitinde halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.