Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi öz işine başlady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda iri halkara forumlaryň geçirilýän merkezine öwrülýär. Şu forum hem munuň aýdyň mysalydyr.


Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerine hemmetaraplaýyn goldaw bermegi ugur edinýän oýlanyşykly strategiýa bu toplumyň okgunly ösmegini şertlendirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, ilaty azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli strategiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda gök-bakja we maldarçylyk önümlerini öndürmekde hususy pudagyň orny yzygiderli ýokarlanýar. Döwrebap ýyladyşhana hojalyklarynyň, sowadyjy ammarlar ulgamynyň giňeldilmegi ilaty tutuş ýylyň dowamynda ter önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde «Türkmenistanda öndürildi» diýen milli haryt nyşany bilen bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän täze gaýtadan işleýän kärhanalar döredilýär. Bu bolsa diňe bir azyk bolçulygyny döretmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň ykdysady durnuklylygynyň has-da berkemegini şertlendirýär.


...Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar giň gerimli çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.


Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara foruma gatnaşyjylara we myhmanlara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Türkmenistanda ähli ugurlarda alnyp barylýan giň gerimli maksatnamalaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarda uly gyzyklanma döredýändigini, ýurdumyzda önümçilik toplumyny döwrebaplaşdyrmak, häzirki zamanyň kämil tilsimatlaryna daýanýan ykdysady ulgamy ösdürmek, innowasiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply harytlaryň önümçiligini artdyrmak, eksport ugurly kuwwatlyklary ýokarlandyrmak boýunça döwlet derejesinde möhüm işleriň amala aşyrylýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz döwlet tarapyndan goldaw berlip, üstünlikli durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalaryna ýokary tehnologiýalary, innowasion başlangyçlary ornaşdyrmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň türkmen bazarynda ornuny pugtalandyrmakda bu halkara serginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.


Arkadagly Gahryman Serdarymyz azyk senagaty pudagyny ösdürmek hem-de ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, oba hojalyk düzümleri üçin bäsdeşlik gurşawyny döretmek, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny, hususan-da, tohumçylygy ösdürmek, täzeçil usullary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary, dolandyryşyň we bazaryň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek maksadyndan ugur alnyp, anyk çäreler görülýär. Şunda däneçilik, pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, guşçulyk, miweçilik, bakjaçylyk, balçylyk we beýleki ugurlar işjeň ösdürilýär. Şu gezekki gözden geçiriliş hem oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orny eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem görkezýär.


Ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň sergi diwarlyklary daşary ýurtly hünärmenlerde uly gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň ýokary hasyl almaga we önümiň hilini ýokarlandyrmaga nähili ýardam berýändigini aýdyň görkezdiler. Sergä Türkiýeden, Hytaýdan, Russiýadan, Özbegistandan, Azerbaýjandan, Gresiýadan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňdebaryjy kompaniýalar gatnaşýarlar. Olaryň obasenagat, gaplama we tehnologik enjamlar boýunça ýöriteleşen kärhanalary täze önümlerini, hyzmatlaryny tanyşdyrýarlar. Sergä gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüne çekijiliginiň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.


Sergi meýdançasynda ýyladyşhana hojalyklaryny döwrebaplaşdyrmak, tohumçylyk we ösümlikleri goramak ulgamyndaky iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar uly gyzyklanma döretdi. Daşary ýurtly wekiller sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän tehnologik çözgütleri hödürläp, özara tejribe alyşmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Azyk senagatynyň dürli ugurlaryna bagyşlanan bölümlerde gaýtadan işleýän kärhanalaryň, süýji-köke, et-süýt önümlerini öndürijileriň önümleri görkezilýär. Milli önüm öndürijileriň ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümleri myhmanlarda gyzyklanma döredýär.


Döwlete dahylsyz ulgamyň ykdysadyýetde eýeleýän ornunyň barha artmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek ykdysady strategiýanyň möhüm wezipeleridir. Döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Hususy önüm öndürijiler oba hojalyk pudagyny özgertmäge saldamly goşant goşmak bilen, hojalygy ýöretmegiň innowasion usullaryny ulanýarlar, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, ýerleri özleşdirmegiň, şol ýerlerde goşmaça oba hojalyk ekinlerini ekmegiň, ýylyň dowamynda gök önümleri ýetişdirmäge mümkinçilik berýän ýyladyşhana hojalyklaryny döretmegiň hasabyna ekinleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýärler. Munuň özi içerki bazary önümler bilen bolelin üpjün etmäge hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär.


Häzirki wagtda telekeçiler çaga iýmitleriniň, miweden we gök önümlerden taýýarlanylýan şireleriň, et, süýt, süýji-köke önümleriniň, gaplanylan önümleriň, balyk önümleriniň giň görnüşlerini öndürýärler. Ýurdumyzyň öndürijileriniň ýokary hili, ekologik howpsuzlygyň derejesi bilen tapawutlanýan önümlerine daşarky bazarlarda hem uly isleg bildirilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň daşary döwletlerdäki söwda wekilhanalarynyň alyp barýan işi türkmen telekeçileriniň eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň, daşary ýurt maýa goýumlarynyň işjeň çekilmegine, halkara işewürlik gatnaşyklarynyň giňeldilmegine gönükdirilendir.


Daşary ýurtly kompaniýalaryň damjalaýyn suwaryş ulgamlary, ekinleri goraýan mineral dökünler, tohumlary we önümleri gaplamagyň, olary belgilemegiň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrýan diwarlyklary aýratyn gyzyklanma döredýär. Şeýle hem logistika, halkara söwda gatnaşyklaryny kämilleşdirmek boýunça hyzmatlary hödürleýän halkara düzümleriň diwarlyklary ünsi çekýär.


Serginiň çäklerinde dürli tanyşdyrylyş çäreleri geçirildi. Olarda taraplar innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek barada pikir alyşdylar. Hünärmenleriň we bilermenleriň bellemeklerine görä, bu halkara gözden geçiriliş diňe bir gazanylan üstünlikleri görkezmek däl, eýsem, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin hem netijeli meýdançadyr. Gatnaşyjylar döredilen giň mümkinçilikler üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.


Umuman, «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara serginiň birinji güni örän netijeli häsiýetde geçip, ýurdumyzyň ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda, şol sanda obasenagat toplumynda dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge we ornaşdyrmaga açykdygynyň nobatdaky aýdyň beýany boldy. Sergi 14-nji maýda öz işini tamamlar.

