Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapar bilen ugrady.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we onuň Diwanynyň jogapkär ýolbaşçylarynyň ugratmagynda Maslahat köşgünden paýtagtymyzyň Halkara howa menziline tarap ýola düşdi.
Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Olar Milli Liderimiziň saparynyň şowly bolmagyny we onuň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin Kazan şäherine ugrady.
Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Iň ýokary döwlet derejesinde alnyp barylýan ikitaraplaýyn dialog syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Russiýanyň iri sebitleri bilen göni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa döwletara gatnaşyklary anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik döredýär.
Türkmenistanyň RF-niň Tatarystan Respublikasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy şeýle gatnaşyklaryň aýdyň mysallarynyň biridir. Ol iki halkyň çuňňur taryhy köklerine hem-de ruhy ýakynlygyna esaslanyp, iri möçberli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde öz beýanyny tapýar. Yzygiderli alnyp barylýan dialogyň netijesinde taraplar Türkmenistanda amala aşyrylýan senagat özgertmeleriniň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmagyň täze ugurlaryny kesgitleýärler.
Senagat kooperasiýasynda «KamAZ» iri maşyngurluşyk kompaniýasy türkmen bazarynda köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün edýän, ýokary derejeli ýerli hünärmenleri taýýarlaýan hyzmat hem-de okuw merkezleriniň giň ulgamy döredildi.
Ýangyç-energetika toplumy hem möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ulgamda Tatarystanyň «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmen hünärmenleri tatarystanly kärdeşleri bilen uglewodorod serişdelerini çykarmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Hereket edýän nebit ýataklarynyň işini işjeňleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalar olaryň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga, ekologik taýdan howpsuz tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Medeni-ynsanperwer ulgamda ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu bolsa iki halkyň arasynda baglanyşdyryjy halka bolup hyzmat edýär. Türkmen talyplarynyň Kazanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy milli ykdysadyýetimiz üçin intellektual mümkinçilikleri kemala getirmäge ýardam edýär. Bilelikdäki medeni çäreleriň, döredijilik festiwallarynyň geçirilmegi dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny has-da pugtalandyryp, döwletara dialogy ösdürmek üçin möhüm binýady döredýär.
Şeýlelikde, RF-niň Tatarystan Respublikasynyň işjeň gatnaşmagynda barha giňeldilýän türkmen-rus gatnaşyklary netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda oba hojalygy, gurluşyk, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda durmuşa geçirilýän başlangyçlar geljek nesilleriň abadançylygy üçin berk binýat bolup durýar. Bu hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti iki ýurduň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge goşant goşýar.
...Birnäçe sagatdan Gahryman Arkadagymyzyň uçary Kazanyň Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Tatarystanyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline gondy. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde Milli Liderimizi Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow hem-de ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan Kremline bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow mähirli garşylady.
Milli Liderimiz we Rustam Minnihanow bilelikde Kazan Kremliniň töweregini synladylar. Soňra Gahryman Arkadagymyz bilen Tatarystanyň Baştutanynyň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi.
Rustam Minnihanow belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene bir gezek mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi we köp ýyllaryň dowamynda durnukly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistany we Tatarystany çuňňur taryhy kökleriň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy.
Dostlukly ýurduň Baştutany türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolan sebitara dialogy ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi we goldawy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesini kanagatlanma bilen belledi.
Söhbetdeşler dürli pudaklarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň netijelerine aýratyn üns berip, gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar. Yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejeli saparlardyr duşuşyklar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge itergi berýär.
Ikiçäk duşuşyk tamamlanandan soňra, iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda resmi duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylary iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.
Rustam Minnihanow çakylygy kabul edendigi üçin belent mertebeli myhmana ýene bir gezek hoşallyk bildirip, Tatarystanda Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki saparyna dostlukly gatnaşyklaryň mizemezliginiň we strategik hyzmatdaşlygyň nobatdaky subutnamasyna öwrülýän ähmiýetli waka hökmünde garalýandygyny nygtady.
Şeýle-de ol türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň iki halkyň bähbidine tagallalary utgaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Rustam Minnihanow Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Gahryman Arkadagymyz çakylyk we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Kazanda geçirilýän halkara forumlara gatnaşmagyň türkmen tarapy üçin asylly däbe öwrülendigini, Tatarystanyň paýtagtynyň bolsa hemişe aýratyn hormat we ýürekdeşlik bilen garşylaýandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Rustam Minnihanowa iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günler geçirilýän «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026» XVII halkara ykdysady forumynyň Tatarystanyň barha artýan halkara abraýyna şaýatlyk edýändigini aýtdy hem-de Kazanyň şu ýylda “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Rustam Minnihanowy we Tatarystanyň halkyny tüýs ýürekden gutlap, bu forumyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň şeýle forumlara işjeň gatnaşýandygyny, däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň nobatdaky foruma milli pawilýony bilen gatnaşmagynyň hem muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady. Söhbetdeşligiň dowamynda iki halkyň doganlyk gatnaşyklarynyň köpasyrlyk däplere, ruhy-medeni umumylyga, özara hormat goýmaga esaslanýandygy, ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyň binýady bolup durýandygy bellenildi.
Şeýle hem sanlylaşdyrmak, ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna aýratyn üns berildi. Gahryman Arkadagymyz Russiýanyň IT merkezi hökmünde Tatarystanyň tejribesine ýurdumyzda uly gyzyklanma bildirilýändigini we tehnoparklar, ykdysadyýete sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, nebitgaz, senagat, ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Aşgabadyň hem-de Kazanyň arasyndaky yzygiderli amala aşyrylýan howa gatnawlary işewürlik we ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirýän möhüm şert hökmünde görkezildi. Ynsanperwer ulgam özara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar. Häzirki wagtda Tatarystanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň müňlerçesi bilim alýar.
Milli Liderimiz bilim edaralarynyň arasyndaky göni gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtap, «Tatar gyzy — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny Aşgabatda geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, Gahryman Arkadagymyzyň bu teklibini goldaýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutany şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halklaryna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň Kazana sapary dowam edýär.