Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi öz işini dowam etdirýär. Giň gerimli forum oba hojalygyndaky öňdebaryjy tehnologiýalary görkezmek we halkara işewür hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin giň meýdança boldy.
Häzirki wagtda Türkmenistan azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ynamly ösüş depginini görkezýär. Hususan-da, içerki bazary öz önümçiliginiň ilkinji zerurlyk harytlary bilen üpjün etmäge, miwe we gök önümçiligi hem-de maldarçylyk önümlerini öndürmekde hususy telekeçileriň paýyny yzygiderli artdyrmaga, şeýle hem innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga we dünýäniň öňdebaryjy agrar hünärmenleri bilen tejribe alyşmaga uly üns berilýär.
Foruma işjeň gatnaşýan ýurtlaryň biri hem Belarus Respublikasy boldy. Belarusyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoý «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde «Agro Pack Turkmenistan» meýdançasynyň öndürijileriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmakdaky ähmiýetini aýratyn belledi.

«Bu sergi, ilkinji nobatda, agrosenagat toplumynda işleýän kärhanalar üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlary tapmaga, Türkmenistanyň bu ugurdaky uly mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, aragatnaşyklary ýola goýmaga we gepleşikleri geçirmäge amatly mümkinçilikdir. Türkmenistan tarapyndan agrosenagat toplumyny ösdürmäge hem-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge uly üns berilýändigini nazara alyp, şu gezekki sergä Belarus Respublikasyndan toplumlaýyn dökünleri öndürýän «Komplemet» kompaniýasy gatnaşýar. Kompaniýa öz önümleri bilen bir hatarda topragy taýýarlamak we ösümlikleriň ösüşini üpjün etmek boýunça netijeli çözgütleri hem türkmen oba hojalykçylaryna hödürleýär» diýip, diplomat aýtdy.
Ilçi serginiň netijesinde täze ylalaşyklaryň we uzak möhletleýin şertnamalaryň baglaşyljakdygyna umyt bildirdi. Şeýle şertnamalar türkmen topragynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.
«Biz kärhanamyzyň sergidäki işiniň üstünlikli bolmagyna, ylalaşyklaryň we elbetde şertnamalaryň baglaşylmagyna umyt edýäris. Şeýle hem sergä gatnaşýan türkmen hem daşary ýurt wekilleriniň ählisine üstünlikli we netijeli işi arzuw edýärin» diýip, S.Çepurnoý aýtdy.
Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ynsanperwer we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň hem möhüm orun eýeleýändigini belledi. Häzirki wagtda Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde 9 müň töweregi türkmen talyby bilim alýar.

Hünärmenleri taýýarlamak işinde Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasy (Gorki ş.) aýratyn orun eýeleýär. Bu ýerde Türkmenistanyň agrosenagat toplumy üçin hünärmenler taýýarlanylýar. Olar agronomlar, azyk senagaty tehnologlary, oba hojalygynyň mehanizasiýasy boýunça inženerler, şeýle hem süýt önümlerini öndürmek boýunça hünärmenlerdir.
«Häzirki zaman tehnologiýalary bilen işlejek ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň uzak möhletli üstünlikli ösüşiniň kepilidir» diýip, belarus diplomaty sözüni jemledi.