Ï Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

view-icon 18

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly şygary astynda geçýän, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda Diýarymyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli döwletliligimizi, beýik ösüşlerimizi dabaralandyrýan bu gymmatlyklaryň şanyna tutulýan toýlaryň eziz Watanymyza çuňňur söýgini we döwlet nyşanlarymyza buýsanç duýgusyny has-da artdyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna pugta ynanýaryn.

Hormatly Prezidentimiz!

Ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bellenilýän ýylda bu şanly sene aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň milli gymmatlyk hökmündäki ornuny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde Konstitusiýa binasy, Baş baýdak meýdançasy, Arkadag şäherinde, welaýat merkezlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda baýdak meýdançalary döredildi. Bu ajaýyp baýrama gabatlanyp, eziz Watanymyzyň ösüşine, döredijilikli içeri we daşary syýasatyna, ähli ulgamlarda giňden ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere gönükdirilen milli maksatnamalaryň ähmiýetine bagyşlanan maslahatlary, medeni-jemgyýetçilik çärelerini geçirmek asylly däbe öwrüldi.

Siziň: «Watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän mukaddeslikler hökmünde aýratyn sarpa goýýan Esasy Kanunymyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň galkyndyryjy güýji bilen bu gün — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp geljegimizi gurýarys» diýip belleýşiňiz ýaly, Esasy Kanunymyzda öz beýanyny tapan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri, milli döwletlilik ýolumyz täze taryhy döwürde has-da rowaçlanýar. Siziň baştutanlygyňyzda alnyp barylýan ykdysady strategiýa laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geljekki ösüşlere we halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga tarap ýolda ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Garaşsyz we özygtyýarly döwlet hökmündäki ösüşimiziň syýasy-hukuk binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň hem-de jemgyýetimiziň kämilliginiň hukuk binýadyny emele getirýär. Esasy Kanunymyz biziň geljegimizi kesgitledi. Onda türkmen jemgyýetiniň we döwletiniň öňünde durýan maksatlardyr wezipeler, halkymyzyň abadan durmuşynyň dowamatlylygy öz beýanyny tapýar. Konstitusiýamyzyň, milli kanunçylyk ulgamynyň döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmegi, hormatly Prezidentimiz, Siziň adalatly hukuk özgertmelerini amala aşyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigiňizi görkezýär. Şol özgertmeleriň esasynda syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda alnyp barylýan tutumly işler, gazanylýan üstünlikler bolsa «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen asylly ýörelgeleri goldanyp amala aşyrýan beýik işleriňiziň netijesidir.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

«Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan» diýlişi ýaly, häzirki zaman syýasy-jemgyýetçilik gatnaşyklarynda döwletleriň we halklaryň gadymy taryhyndan, ýörelgelerinden ruhlanyp döredilen milli nyşanlara aýratyn orun degişlidir. Biziň Konstitusiýamyz we ýaşyl tugumyz hem Zeminde Türkmenistanyň berkarar döwlet, türkmen halkynyň bolsa agzybir millet hökmünde tanalmagyny we ykrar edilmegini şertlendirýän milli buýsanjymyzdyr, mertebämizdir. Halkara bileleşigiň doly hukukly agzasy hökmünde BMG-niň ştab-kwartirasynda buýsançly parlaýan Döwlet baýdagymyz bilen Garaşsyz ýurdumyzyň ady arşa galýar. Biziň ýaşyl tugumyz dostlugyň we parahatçylygyň baýdagydyr. Baýdagyň belentligi — ýurduň belentligi. Oňa söýgimiz Watana söýgimizdir. Baýdak türkmen halkynyň özbaşdak döwlet bolmak baradaky amala aşan iň beýik arzuwynyň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli başlangyçlaryňyz hemişe rowaç bolsun! Goý, Türkmenistanyň Konstitusiýasy baky bagtyýarlygymyzyň şuglasy bolup, döwletlilik binýadymyzy has-da berkitsin! Ýaşyl baýdagymyz bolsa geljekki üstünliklerimiziň we rowaçlyklarymyzyň buşlukçysy hökmünde elmydama belentde parlasyn!

Sizi hormatlamak bilen,


Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.