Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň täze taryhynda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni milli döwletliligiň dabaralanmagyny, halkymyzyň agzybirligini, döredijilikli işlere ygrarlylygy alamatlandyrýar. Bu goşa baýram türkmen jemgyýetiniň parahatçylyk, ösüş we ynsanperwerlik taglymlaryny baş ugur edinýändigini görkezýär. Türkmenistanyň Esasy Kanuny ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň berk binýady bolup, özygtyýarlylygyň mizemezligini, raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goralmagyny, döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynyň yzygiderli ösdürilmegini kepillendirýär. Baý taryhy tejribä esaslanýan Konstitusiýamyz adamy iň ýokary gymmatlyk hökmünde yglan edip, döwletimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kanunçylyk taýdan berkidýär.

Watanymyzyň parahat asmanda belentde parlaýan mukaddes baýdagy türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň, şu gününiň we beýik geljeginiň baş nyşanydyr. Onuň reňk öwüşginlerinde, özboluşly haly göllerinde halkymyzyň ruhy ýörelgeleri — parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, adalatlylyk, döredijilik, ýokary ynsanperwerlik taglymlary öz beýanyny tapýar. Döwletliligiň bu iki beýik nyşanynyň hormatyna goşa baýramçylygyň bellenilmegi olaryň mazmun taýdan aýrylmaz baglanyşygyny alamatlandyrýar: Konstitusiýamyz jemgyýetimiziň ösüşiniň hukuk çäklerini kesgitleýär, Döwlet baýdagymyz bolsa raýatlarymyzy täze zähmet, döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu nyşanlar ýaş nesilde Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny terbiýeleýän kuwwatly birleşdiriji güýç bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän Konstitusiýamyz hem-de Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyz biziň milli mukaddesliklerimizdir. Täzelenişi we ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň ýüzündäki dünýä nusgalyk haly gölleri milli mertebämiziň, parahatçylygyň, abadançylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary bolsa ynsanperwerligimiziň dabaralanmasydyr. Biziň her birimiziň gursagymyzda Watana bolan milli buýsanjy oýaryp, täze şöhratly menzillere ruhlandyrýan Döwlet tugumyzda şekillendirilen bäş ýyldyz hem-de ýarymaý agzybirligimiziň we jebisligimiziň sarsmaz kepilligidir.

“Esasy Kanunymyz biziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň, dünýäde giňden rowaçlanýan parahatçylyk söýüjiligimiziň, hoşniýetli goňşuçylygymyzyň, müňýyllyklardan gözbaş alýan milli ýörelgelerimiziň, demokratik taglymatlarymyzyň berk binýadydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mukaddesliklerimize daýanyp, hukuk we dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýetini gurýarys, giň möçberli durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk özgertmelerini üstünlikli amala aşyrýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.

Döwlet baýdagy Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, şöhratly geçmişimiziň, bagtyýar döwrümiziň, beýik geljegimiziň belentligini, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, gadymy haly gölleri, ýarymaý we bäş ýyldyz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny aňladýan zeýtun baldajyklary şekillendirilen ýaşyl tugumyz Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar.

Täze taryhy eýýamda Türkmenistan giň möçberli ykdysady özgertmeleriň durmuş syýasaty bilen sazlaşykly utgaşýan özboluşly ösüş nusgasyny kemala getirýär. Esasy Kanunymyzdan gözbaş alýan asylly işler döwrebap şäherleriň, senagat, ulag-logistika, durmuş düzümleriniň gurluşygynda öz beýanyny tapyp, Diýarymyzyň keşbini düýpli özgerdýär. Konstitusiýanyň kadalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge, ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen ölçeglerine doly laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär. Bu işler Türkmenistanyň dünýä giňişliginde ählumumy abadançylygy baş ugur edinýän ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki abraýyny has-da pugtalandyrýar.

...Irden Köpetdagyň ajaýyp künjeginiň gözelligi bilen sazlaşykly utgaşýan Konstitusiýa binasynyň ýanynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar, medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar. Konstitusiýa binasynyň ýanynda merdana Watan goragçylary hatara düzüldiler.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy binanyň öňündäki baýramçylyk öwüşgininde bezelen ýere gelýär. Hemmeler uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekleýärler. Hormatly Prezidentimiz haly düşelen ýoda boýunça ýörite ýere geçýär. Ýodanyň iki tarapynda Watanymyzyň daýanjy bolan talyp ýaşlar hatara durlar. Ýaş nesliň wekilleriniň elinde Döwlet baýdagymyz buýsançly parlaýar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, döwlet esaslarynyň, demokratik ýörelgeleriniň bitewüligini, halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk däplerini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna ajaýyp gül çemenini goýdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dabara gatnaşyjylaryň ählisi gül desselerini we çemenlerini goýýarlar.

Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary we taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän merdana halkymyz bagtyýar durmuşyny hem-de ýagty geljegini ynamly gurýar. Pederlerimiziň häzirki wagtda aýawly saklanylýan hem-de baýlaşdyrylýan ruhy mirasy esasy Kanunymyza we Döwlet baýdagymyza aýratyn mukaddes güýç berýän berk binýat bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň beýik akyldarlarynyň agzybirlik, adalatlylyk, özygtyýarly döwlet baradaky wesýetleri şu günki ägirt uly işlerde öz beýanyny tapýar. Adam mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp bilmekleri üçin ähli şertleri döretmek, bilimi, ylmy, saglygy goraýşy, medeniýeti goldamak konstitusion kepillikler bilen berkidilen ýurdumyzyň döwlet strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Adama, onuň intellektual we beden saglygyna maýa goýumlar ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli maksatnamalaryň özenini düzýär.

...Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar Baş baýdak meýdançasynda dowam etdi. Bu ýerde dünýäde iň belent baýdak sütünleriniň biri ýerleşýär. 133 metr belentlikde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy buýsançly parlaýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy Baş baýdagyň öňündäki meýdança gelýär. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekleýärler.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Baş baýdaga ajaýyp gül çemenini goýýar. Soňra dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, gül desselerini goýýarlar.
Halkymyz öz tuguna hemişe aýawly garapdyr. Taryhda çuň kökleri bolan mukaddes baýdagymyz halkymyzyň özbaşdak ösüşe, syýasy ugra bolan hukugyny alamatlandyrýar. Ýaşyl tugumyzyň halkara forumlaryň we dünýäniň iri sport ýaryşlarynyň baýdak sütünlerinde dabaraly parlamagy her bir türkmenistanlynyň kalbynda çuňňur buýsanç duýgusyny döredýär. Ol ýurdumyzyň ähli ulgamlarda ýetýän belent sepgitlerini alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz hemmeleri şanly seneler bilen tüýs ýürekden gutlap, bu ýerden ugrady.
Bu beýik baýramy uly zähmet sowgatlary, täze üstünlikler bilen garşy alan halkymyz ertirki güne bolan synmaz ynamyny dünýä äşgär edýär. Konstitusiýamyz hem-de Döwlet baýdagymyz Watanymyzy parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen täze belentliklere tarap alyp barýan ýolgörkeziji bolmagynda galýar.