Ï Aşgabat BMG-niň Bütindünýä şäher forumynyň üns merkezinde: UN-Habitat Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy göz öňünde tutýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat BMG-niň Bütindünýä şäher forumynyň üns merkezinde: UN-Habitat Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy göz öňünde tutýar

view-icon 210
Aşgabat BMG-niň Bütindünýä şäher forumynyň üns merkezinde: UN-Habitat Türkmenistanda wekilhanasyny açmagy göz öňünde tutýar

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasy (UN-Habitat) tarapyndan Baku şäherinde geçirilen Bütindünýä şäher forumynda (WUF13) Aşgabatda taslama edarasyny açmak mümkinçiligine garalýandygy baradaky beýanatdan soň, Aşgabat durnukly şäher ösüşi ulgamynda halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezine öwrüldi. Bu başlangyç Aşgabat şäheriniň sebitde halkara hyzmatdaşlygy, durnukly şäher özgertmeleri we infrastruktura ösüşi boýunça möhüm dialog meýdançasyna öwrülýändigini ýene bir gezek tassyklaýar.

Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasynyň direktory Irfan Ali çykyş edip, häzirki wagtda guramanyň sebit boýunça 25 ýurtda maksatnamalary utgaşdyrýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol guramanyň Kiýewde, Moskwada, Kosowoda we Bakuda taslama edaralarynyň hereket edýändigini belläp, ýakyn wagtda Aşgabatda hem şeýle ofisiň işe başlamagyna umyt bildirdi.

Sebitimizdäki ýurtlarda şäherleşme depgini güýçlenýär we Aşgabat hem häzirki wagtda durnukly şäherler hem-de şäher ösüşi boýunça halkara dialogyň möhüm bölegine öwrülýär- diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasynyň direktory Irfan Ali aýtdy.

Bu beýanat 24-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» (WCA 2026) atly XXV halkara köpugurly serginiň we maslahatynyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli BMG-niň «tegelek stoluň» başyndaky duşuşygyna aýratyn ähmiýet berýär.

Duşuşyk:

«Ählumumy dialogdan ýerli hereketlere: durnukly, inkluziw we «akylly» şäherleri ösdürmek» atly tema bagyşlanar.

«Tegelek stoluň» başyndaky maslahatda şäher ösüşi boýunça halkara ileri tutulýan ugurlary amaly şäher taslamalaryna, maýa goýum mehanizmlerine we durnukly infrastruktura çözgütlerine öwürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşylar.

«Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumyna 55 ýurtdan 650-den gowrak wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar. Gatnaşyjylaryň hatarynda halkara guramalarynyň, ösüş institutlarynyň, diplomatik wekilhanalaryň, maýadarlaryň, şäher gurluşykçylarynyň, arhitektorlaryň, inženerçilik kompaniýalarynyň we tehnologiýa üpjün edijileriniň wekilleri bolar. Bu bolsa forumyň halkara ähmiýetiniň barha artýandygyny görkezýär.

UN-Habitat-yň sebitara geňeşçisi Katja Şaeferiň bellemegine görä, şäher ösüşi boýunça ählumumy maksatlaryň durmuşa geçirilmegi şäher derejesindäki amaly çözgütlere baglydyr. UN-Habitat-yň sebitara geňeşçisi Katja Şaefer:

Täze şäher gün tertibiniň ählumumy borçnamalaryny anyk şäher taslamalaryna geçirmek tehnologiýalaryň, maýa serişdeleriniň we baş meýilnamalaşdyrmagyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyny talap edýär. Ösen gurluşyk çözgütleriniň we sanly modelirleme ulgamlarynyň Aşgabat şäheriniň infrastrukturasyna ornaşdyrylmagy howa şertlerine durnukly, ekologik taýdan arassa şäherleriň binýadyny döredýär we bu Merkezi Aziýa üçin nusga bolup biler- diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

«Tegelek stoluň» başyndaky maslahatyň dowamynda häzirki zaman şäher ösüşine degişli giň ugurlar, şol sanda durnukly infrastruktura, sanly dolandyryş, energiýa tygşytlaýjy inženerçilik ulgamlary, «akylly» şäher tehnologiýalary, durnukly gurluşyk, jemgyýetçilik hyzmatlary we maýa goýum üçin taýýar şäher taslamalary boýunça pikir alyşmalar geçiriler.

Şeýle hem halkara hyzmatdaşlygynyň şäherleri döwrebap özgertmekde we ýaşaýşyň hilini ýokarlandyrmakdaky ähmiýetine aýratyn üns berler.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko:

- Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna, aýratyn-da 11-nji Durnukly ösüş maksadyna ygrarlylygyny ýokary bahalandyrýar. Bu platformadaky umumy maksadymyz – «akylly» tehnologiýalaryň, sanlylaşdyrmagyň we häzirki zaman gurluşyk standartlarynyň adamlaryň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şäherleriň inklýuziw ösüşine hem-de ýaşlaryň geljegiň şäherlerini dolandyrmakdaky mümkinçilikleriniň giňelmegine gönüden-göni hyzmat etmegini üpjün etmekdir-diýip belledi.

UN-Habitat-yň Aşgabatda taslama edarasyny açmak mümkinçiligine garamagy Türkmenistanyň durnukly şäherleşme, «akylly» dolandyryş, howa şertlerine durnukly infrastruktura we häzirki zaman şäher meýilleşdirmesi boýunça halkara dialogdaky ornunyň güýçlenýändigini görkezýär.

Durnukly we inklýuziw şäher ösüşini maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň birine öwürmek bilen, «Ak şäherim Aşgabat – 2026» diňe bir halkara sergi we maslahat hökmünde däl, eýsem strategik dialog, taslamalary durmuşa geçirmek we geljegiň şäherlerini ösdürmek boýunça uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlyk üçin möhüm platforma hökmünde hem öz ornuny pugtalandyrýar.

Çäre, maksatnama täzelikleri we gatnaşmak mümkinçilikleri barada has giňişleýin maglumat «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumynyň resmi web sahypasynda elýeterlidir.