Ï Lebaply pileçiler pellehanada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebaply pileçiler pellehanada

view-icon 288
Lebaply pileçiler pellehanada

Lebap welaýatynyň zähmetsöýer ýüpekçileri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Olar Watan harmanyna bir müň 10 tonna derek bir müň 20 tonna golaý pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý etdiler. 

Munuň özi welaýatda möwsüme ykjam taýýarlykly gelnip, işleriň guramaçylykly ýola goýlandygynyň, gurçuk idetmekde agrotehniki kadalaryň doly berjaý edilendiginiň, bu jogapkärli işe tejribeli pileçi-kärendeçileriň saýlanyp alnandygynyň, şeýle hem «Lebapwelaýatýüpek» önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň yzygiderli aladalarynyň guwandyryjy netijeleridir. 

Şeýle hem gurçuk idetmeklige welaýatyň Gündogarynda ýerleşýän etraplaryň irgözinden girişmekleri we bu etraplaryň ilkinjiler bolup döwlete pile tabşyryp başlamaklary hem-de döwlet öňündäki meýilnamasyny amal etmekleri sebitiň ähli ýerinde pileçi-kärendeçileri tutanýerli zähmete ruhlandyrdy. Ýeri gelende häzirki wagta çenli welaýatyň etraplarynyň aglabasynyň meýilnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý edendiklerini, muňa garamazdan, Watan harmanyna pile tabşyrmaklygyň dowam etdirilýändigini belläp geçmek möhümdir. 

Şu möwsümde welaýatda öz işine ussat, tejribeli ýüpekçileriň 22 müň töweregi bilen şertnama baglanyşylyp, 27 müň 656 guty ýüpek gurçugy pileçi-kärendeçilere paýlanyp berlipdir. Onuň agramly bölegi bolsa, Çärjew, Halaç, Saýat hem-de Dänew etraplaryna degişlidir. Möwsümde şu güne çenli welaýatyň Çärjew etrabynyň ýüpekçileriniň 4 müň 737 guty gurçuk tohumyndan 190 tonna golaý, Halaç etrabynyň pileçileriniň 4 müň 5 gutydan 151,6 tonna, Dänew etrabynyň pileçi-kärendeçileriniň 3 müň 834 gutydan 144,5 tonna, Saýat etrabynyň ýüpekçileriniň hem 3 müň 615 guty gurçuk tohumyndan 132 tonnadan aşyryp pile tabşyrmaklary aýratyn guwandyryjydyr. Şonuň bilen birlikde welaýatyň beýleki etraplarynyň ýüpekçileriniň hem her gap gurçuk tohumyndan alýan pileleriniň ortaça mukdarynyň ýokary bolmaklygy, bu ugurda sebit boýunça işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.