Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alyp, Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we “Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine:
Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we “Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramak we olary 2026-njy ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermek;
ýokarda görkezilen taslamalary taýýarlamak üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli ibermek;
bu taslamalary taýýarlamak üçin hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmek we onuň işini netijeli guramak tabşyryldy.