Ï Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

view-icon 11

Mähriban uçurymlar!
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Sizi ajaýyp arzuwlara we belent maksatlara beslenen durmuş ýoluňyzda täze menzilleriň başlanýandygyny alamatlandyrýan «Soňky jaň» dabarasy hem-de 2025-2026-njy okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň taryhy wakalar bilen şöhratlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu bilimler baýramçylygyna bagyşlanan dabaralaryň siziň ähliňizde ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary we ýokary watansöýüjilik joşgunyny döretjekdigine berk ynanýaryn.

Bilim asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli buýsanjymyzyň gözbaşydyr, abraý-mertebämiziň dünýä dolan belentligidir, abadançylygymyzyň we beýik ösüşlerimiziň sarsmaz binýadydyr. Bilim arkaly biz ajaýyp geljegimizi gurýarys, belent maksatlarymyzy amala aşyrýarys, ylymly-bilimli hem-de Watana wepaly nesilleri terbiýeleýäris. Şoňa görä-de, Garaşsyz ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda özboluşly orun tutýan «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli mähriban uçurymlarymyzy durmuş ýolunda täze menzillere, belent maksatlara ruhlandyrýan dabaralary giňden ýaýbaňlandyrýarys.

Gözel Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, berkarar döwletimiziň ähli şäherdir obalarynda geçirilýän baý mazmunly çäreler «Soňky jaň» dabarasynyň jemgyýetçilik durmuşymyzda tutýan ornuny has-da ýokarlandyrýar. Belent döredijilik ruhuna ýugrulan bu dabaralar Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň döwrebap bilimleri we ylymlary ele almaklary, zehin-başarnyklaryny kesp-hünärlere, zähmete gönükdirmekleri, mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri üçin ýurdumyzda amala aşyrylýan nusgalyk işleri bütin dünýä aýan edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar uçurymlary!

Kämillik her bir ynsan üçin uly mertebe we ýokary derejedir. Üznüksiz öwrenilmeli bilimler we ylymlar, ýadawsyz çekilmeli zähmet kämillige eltýän ýoldur. Bu ýola hemişe eýerip, şöhratly taryhymyzyň bütin dowamynda ylma we bilime daýanan merdana pederlerimiziň milli ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek, okamak, öwrenmek, yhlasly zähmet çekmek, hemişe kämillige ymtylmak bilen, abraýy dünýä dolýan Watanymyzyň pajarlap ösmegine hem-de şan-şöhratynyň has-da beýgelmegine mynasyp goşant goşmak, bagtyýar, abadan durmuşyň hatyrasyna döretmek we gurmak siziň — geljege ynamly ädimler bilen gadam goýýan ýigitlerimiziň hem-de gyzlarymyzyň baş maksady bolmalydyr. Siz durmuş ýoluňyzyň täze sepgitlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryna hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämize eýerip, bilimleriň we ylymlaryň täze çuňluklaryna aralaşmalysyňyz, zähmetde taplanmak, döretmek hem-de gurmak bilen, beýik geljegimize tarap ynamly gadam urmalysyňyz.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Biz Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirmekde milli bilim ulgamyny düýpli özgertmegi we güýçli depginler bilen ösdürmegi, döwre mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi öz öňümizde maksat edip goýduk. Bu jogapkärli işlerde siziň hyzmatyňyz örän uludyr. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz Diýarymyzyň şäherdir obalarynda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralaryny gurýarys. Täze başlangyçlar esasynda milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy tejribelere, umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, bilim işini kämilleşdirmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýäris.

Asylly käriň eýeleri bolan mugallymlaryň we bilim işgärleriniň yhlasly hem-de döredijilikli zähmet çekmekleri, ýaş nesilleriň zehin-başarnyklaryny ösdürmekleri, bilimleri, ylymlary özleşdirmekleri, hünärleri ele almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bilim binýadyny has-da berkidýäris.

Milli maksatnamalarymyzyň, konsepsiýalarymyzyň we strategiýalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Watanyň geljegi, halkyň ykbaly ugrunda ýokary jogapkärçilik duýýan päk ahlakly, watansöýüji, bilimli, ylymly nesilleriň kemala gelmegini üpjün edýär. 2025-2026-njy okuw ýylynda hem mekdep okuwçylarymyz halkara olimpiadalarda, ylmy-döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abraýydyr, milli buýsanjymyzdyr, geçirýän bilim özgertmelerimiziň ajaýyp miweleridir.

Mähriban uçurymlar!
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Sizi «Soňky jaň» dabarasy hem-de okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde hem-de okuwlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.