Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde Gurban baýramynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan baýram namazyny okady we Arkadag şäherindäki täze metjidiň gurluşyk işleri bilen tanşyp, bu şäherde gurbanlyk sadakasyny berdi. Munuň özi hajy Arkadagymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlary, asylly ýörelgeleri rowaçlandyrmakdaky tagallalarynyň aýdyň güwäsidir.
Bu gün ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň çar künjegi Gurban baýramy mynasybetli guralýan dabaralara beslendi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň bu nurana baýramy ir säher bilen “Allanyň öýi” hasaplanýan metjitlerde baýram namazynyň okalmagyndan başlandy.
Gurban baýramynyň ilkinji gününiň säher şapagy dag etekleriniň sahawatly tebigatyna özboluşly gözellik çaýdy. Munuň özi bereketli paslyň her bir gününiň jana ýakymly howasy, sungat eserlerine çalymdaş gözelligi bilen haýran galdyrýandygynyň alamatydyr.
Irden Gahryman Arkadagymyz Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidine geldi. Bu ýere Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary, köp sanly daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary ýygnandylar.
Hajy Arkadagymyz hemmeler bilen mähirli görşüp, bu ýere ýygnananlary mukaddes Gurban baýramynyň başlamagy bilen gutlady we üç günüň dowamynda ediljek doga-dilegleriň, beriljek sadakalaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuwlap, metjidiň içine girdi.

Sebitde iň uly metjitleriň biri hasaplanýan Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde baýram namazy okaldy. Mukaddes Gurban baýramynyň ähli dessurlaryny agzybirlikde berjaý edýän halkymyz milli däpleri ýokary derejede berjaý etmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hajy Arkadagymyza we Arkadagly hajy Serdarymyza sagbolsun aýdýarlar. Halkymyzyň agzybirligi, jebisligi, sogap işleri we asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlary ýerine ýetirmäge ygrarlylygy nusgalyk ýörelge hökmünde ykrar edilendir.
Hormatly Prezidentimiziň Gurban baýramy mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda ynsanperwerlik, dostluk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini rowaçlandyrýan bu mukaddes baýramyň halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýändigi, jemgyýetde agzybirligi, özara hormat-sylagy, ruhy bitewüligi has-da pugtalandyrýandygy bellenilýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny, halkymyzyň ahlak kämilligini berkitmek, watandaşlarymyzyň namaz okamaklary, yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat etmekleri üçin hemme mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi hajy Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly hajy Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň netijesidir.
Baýram namazy okalandan soňra, Gahryman Arkadagymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. Soňra Milli Liderimiz Ýaşulular geňeşiniň agzalary we daşary ýurtly diplomatlar bilen bilelikde Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň aram tapan ýerine tarap ugrady.
Bu ýerde ildeşlerimiz namazdan soňra ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagyny dileg edýärler. Mälim bolşy ýaly, şu günler watandaşlarymyzyň köp sanlysy yslam dünýäsiniň keramatly künjeklerinde haj parzyny berjaý edip, ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine yzygiderli tagalla edýän hajy Arkadagymyzyň, Arkadagly hajy Serdarymyzyň asylly işleriniň rowaç bolmagynyň hatyrasyna doga-dileg edýärler.
Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň we onuň maşgala agzalarynyň aram tapan ýerinde aýat okaldy. Hemmeler merhumlaryň ýatan ýeriniň ýagty, imanynyň hemra bolmagyny dileg etdiler. Munuň özi Milli Liderimiziň başlangyjy bilen öten-geçenleriň ruhuna tagzym etmek däbiniň dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Soňra hajy Arkadagymyz musulman ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan çärä işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
***
Ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän, mukaddes Gurban baýramynyň ilkinji gününde keşbinde baýramçylyk öwüşginleri duýulýan Arkadag şäheriniň dürli maksatly desgalarynyň, nurana ýollarynyň bir bitewi binagärlik sazlaşygyny emele getirmegi ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň nusgalyk derejede amala aşyrylýandygyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda binýat bolan “akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depgininiň barha ýokarlanýandygyny bellemek gerek.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň 30 müň orunlyk metjidiniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.
Milli Liderimiz bu ýerde ilçiler, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary bilen söhbetdeş boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda hajy Arkadagymyz ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda metjitleriň gurluşygyna giňden badalga berlendigini, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzyň dürli künjeklerinde dürli maksatly binalaryň, şol sanda metjitleriň gurluşygynyň yzygiderli dowam etdirilýändigini belledi. “Bu işleriň ählisi adamzat taryhynyň bütin dowamynda parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan halkymyzyň gadymyýetden gelýän, durmuş kadalaryna esaslanýan hem-de häzirki eýýamyň ruhy bilen sazlaşykly utgaşýan medeni däplerine, ýokary ruhy gymmatlyklarymyza, asylly ýörelgelerimize üýtgewsiz ygrarlydygymyza şaýatlyk edýär” diýip, Milli Liderimiz aýtdy.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy metjidiň baş binasynyň içine girdi. Bu ýerde täze şäherde Gahryman Arkadagymyzyň ozal beren maslahatlaryndan ugur alnyp, metjidiň gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak babatda edilýän tagallalar, onuň içki bezeg aýratynlyklary, gurluşykda we bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň görnüşleri barada maglumat berildi. Şeýle-de Milli Liderimiz şekil taslamalary bilen tanyşdyryldy. Görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda metjidiň içerki ýyladyş ulgamynyň, namazlyklarynyň görnüşleri, kaşaň binanyň diwarlarynda ýerleşdiriljek ýazgylar, minaralaryň özboluşlylygy, mermer düşekleriň we metjidiň haly düşekleriniň görnüşleri, mährabyň bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly taslamalar we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar.
“Akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagyň, şunda metjidiň gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini aýdyp, hajy Arkadagymyz ähli işleriň öz wagtynda tamamlanmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda maslahatlaryny berdi. Şunda binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, şäherde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmagyna zerur ähmiýet berilmelidir.
Milli Liderimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda il sylagly ýaşulularyň işjeň gatnaşmaklarynda milli aňyýetiň pugtalandyrylandygyny, ylahyýet fakultetiniň açylandygyny belledi. Şol ugurdan ençeme ýaşlar bilim aldy. Şol ýyllarda ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda Köşüde arap doganlarymyzyň bina etmeginde Şehitler metjidi guruldy. Türk doganlarymyzyň gatnaşmagynda Ärtogrul Gazy metjidi bina edildi. Gahryman Arkadagymyz Gökdepe metjidiniň hem gurlandygy, Gypjakdaky baş metjidiň ulanmaga berlendigi we gurluşykçylarymyzyň tejribesiniň artmagy bilen, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda öz ýurdumyz tarapyndan metjitleriň gurlandygy barada maglumatlary beýan etdi. Halk Maslahatynyň Başlygy bu gün bolsa döwrebap Arkadag şäherinde 30 müň orunlyk metjidiň gurulýandygyny aýdyp, onuň gurluşygy babatda bu ýere ýygnananlaryň teklipleri ýa-da pikirleri bar bolsa, olara seretmäge taýýardygyny nygtady.
Hormatly Arkadagymyz häzirki wagtda metjidiň bezeg işlerinde ulanylýan dürli serişdeleriň, mermer daşlaryň ýakyn goňşy we dostlukly döwletlerde öndürilýändigini aýdyp, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň haýyr işleriň amal bolmagyna özboluşly goşantdygyny, munuň agzybirlikden, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinden nyşandygyny belledi. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýakyn gatnaşyklarymyzyň netijesinde hyzmatdaşlygymyz täze derejä çykdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ählumumy ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly işleriň durmuşa geçirilmegine her bir adamyň mynasyp goşant goşmagy wajypdyr. Mukaddes Gurban aýynda bolsa parz işleri berjaý etmek her bir raýatyň jemgyýetiň öňündäki ruhy we ahlak borjudyr.
Soňra hajy Arkadagymyz metjidiň daşyna çykyp, bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş boldy.
Diplomatlar yslam dünýäsiniň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramynda sogap işleriň berjaý ediljek binasyna gelip, hajy Arkadagymyz bilen bilelikde gurluşyk işleri bilen tanyşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar. Olar bu ýere gelmäge hem-de ýagşy dessurlara dahylly bolmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly hajy Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem olar sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Milli Liderimiz Gurban baýramynyň agzybirligiň, jebisligiň baýramydygyny, ony ýakyn dostlar, doganlyk halklar bilen bilelikde dabaralandyrmagyň türkmen halkyna mahsus ýörelgeleriň biridigini belläp, hemmelere minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz olary Arkadag şäheriniň merkezinde ýerleşýän “Märkaw” myhmanhanasynda berjek gurbanlyk sadakasyna gatnaşmaga çagyrdy we bu ýerden ugrady.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gurban baýramy jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini, häzirki nesilleriň ata-babalarymyzyň belent ruhy gymmatlyklaryna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Halkymyzyň durmuş ýörelgelerini özünde jemleýän bu mukaddes baýram türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda geçen ýolunyň häzirki döwür üçin nusgalykdygyny görkezýär. Hajy Arkadagymyzyň beren gurbanlyk sadakasy hem häzirki döwürde pederleriň wesýetlerine eýerýän bagtyýar nesilleriň belent borja wepalydygynyň aýdyň güwäsidir.
Hajy Arkadagymyz gurbanlyk sadakasynyň berilýän binasynda özi üçin taýýarlanan ýere geçip, bu ýere ýygnananlaryň hemmesini mukaddes baýram bilen gutlady.
“Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda milli däp-dessurlarymyzy berjaý etmek üçin ähli şertler döredilýär. Raýatlarymyz mukaddes ýerlere zyýarat edip, metjitlere baryp, doga-dileg edýärler. Gurban baýramynyň bellenilýän aýynda hem raýatlarymyzyň 3 müňe golaýy yslam dünýäsiniň merkezi bolan Mekge şäherindäki keramatly Käbä zyýarat edip, haj parzyny berjaý edýärler. Ynha, Gurban baýramynyň birinji gününde Arkadag şäherinde siziň bilen gurbanlyk sadakasyna gatnaşýarys” diýip, Milli Liderimiz söze başlady. Hajy Arkadagymyz hemmeleri Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek gutlap, olaryň gurbanlyk sadakalarynyň, doga-dilegleriniň kabul bolmagyny dileg etdi. Şeýle-de Milli Liderimiz türkmen halkynyň gursagy Allaly halkdygyny belledi.
Gahryman Arkadagymyzyň: “Yslam dininiň gymmatlyklary biziň öňden gelýän türkmençilik däplerimiz bilen berk baglydyr. Biziň ýolumyz halkyň ýoludyr. Halkyň ýoly bolsa Hakyň, hakykatyň ýoludyr” diýen sözlerinden soňra, Ahal welaýatynyň ymamy tebärek çykdy. Ol hajy Arkadagymyzyň berýän sadakasynyň kabul bolmagyny dileg etdi. Gurbanlyk sadakasynda türkmen halkynyň adamda päklik, asyllylyk, ynsanperwerlik hem-de kämillige ymtylyş ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýän, gadymdan gelýän ruhy-ahlak ýörelgeleriniň ösdürilmegi, medeni-ahlak gymmatlyklarynyň dowamata atarylmagy, ýurdumyzda öten-geçenlere hormat goýmak, hoşniýetlilik, wepalylyk ýaly asylly ýörelgeleriň berkarar bolmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýän hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagyna gönükdirilen beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegi dileg edildi.
Soňra sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi. Gurban baýramy ruhubelentligi hem-de milli bitewüligi alamatlandyrýan baýram hökmünde halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Gurbanlyk günlerinde milli tagamlaryň taýýarlanylmagy, sadakalaryň berilmegi we ýagşy dilegler edilmegi asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriň dowamata atarylýandygynyň güwäsidir. Nahardan soň, asylly däbe görä, aýat-töwir okaldy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz gurbanlyk sadakasynda okalan aýatlaryň, edilen doga-dilegleriň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny dileg edip, hemmelere sadaka gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz ýygnananlara alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.