Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Prezident, gadyrly doganym!
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Beýik Allatagaladan ähli musulman ymmatyny jebisleşdirýän bu mübärek baýramyň tutuş adamzada parahatçylyk we abadançylyk getirmegini dileýärin.
Pursatdan peýdalanyp, Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.
Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Siziň Alyhezretiňize ähli yslam dünýäsinde uludan bellenilýän mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly şatlyk duýgusyny döredýär.
Bilelikdäki tutanýerli tagallalarymyz netijesinde asyrlaryň dowamynda özbek we türkmen halklarynyň arasynda kemala gelen ýakyn dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigi bizi guwandyrýar. Ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan hemmetaraplaýyn we uzak möhletleýin gatnaşyklar soňky ýyllarda has-da çuňlaşdyrylýar. Onuň geljekde hem dostlukly ýurtlarymyzyň gülläp ösmeginiň, halklarymyzyň umumy abadançylygynyň bähbidine okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Size we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Siziň Alyhezretiňize jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, ösüş arzuw edýärin.
Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Bu mukaddes baýramyň ýörelgeleri asyrlaryň dowamynda biziň halklarymyzy ynsanperwerlik, sahawatlylyk, rehimdarlyk, adalatlylyk hem-de birek-biregi goldamak ýaly belent ruhy gymmatlyklara eýermäge çagyrýar. Belent ruhy gymmatlyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, birek-birege hormat goýmagyň, ynanyşmagyň esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyna ynanýaryn.
Bu baýram günlerinde, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, durnukly ösüş, abadançylyk arzuw edýärin!
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Siziň Alyhezretiňizi hem-de dostlukly türkmen halkyny Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Jomartlygyň, rehimdarlygyň, sazlaşygyň hem-de jebisligiň aýdyň nyşany bolan bu mukaddes baýram gadymyýetden bäri biziň halklarymyzyň durmuşynda aýratyn orny eýeleýär.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky ähli derejede okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlyk özara ynama, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýar hem-de bu gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde halklarymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we ösüş arzuw edýärin!
Sadyr Žaparow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma hem-de buýsanç duýgusyny döredýär. Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, musulman ymmatynyň halklaryna bolsa hoşniýetlilik, abadançylyk we rowaçlyk dileýärin.
Dostluk we tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Siziň doganyňyz,
Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Size hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş dileýärin.
Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Hamad bin Isa Al Halifa,
Bahreýniň Patyşasy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge örän şatdyryn.
Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli musulman ymmatynyň halklaryna abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk dileýärin.
Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah,
Kuweýt Döwletiniň Emiri.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Biziň ymmatymyzyň mukaddes Gurban baýramyny garşylaýan pursatlarynda Palestina Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň Hökümetine hem-de doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.
Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna abadançylyk we rowaçlyk dileýärin. Gurban baýramyňyz gutly bolsun! Her bir ýylyňyz parahatçylyga, abadançylyga beslensin!
Mahmud Abbas,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.