Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de ýurduň doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
“Häzirki wagtda Azerbaýjan ykdysadyýetde, infrastrukturada, medeniýetde uly üstünlikleri gazanyp, depginli ösüşi görkezýär, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki döwürde has depginli hem-de yzygiderli ösdürilýändigini uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi hem-de iki halkyň bähbidine gönükdirilen ýakyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.