Ï Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly bilen

view-icon 27

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiz ösüşleriň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň milli häsiýetiniň esasyny düzýän, asyrlaryň jümmüşinden gelýän özboluşly däp-dessurlaryna, ynsanperwer ýörelgelerine daýanmak bilen, jemgyýetiň jebisligi we durnuklylygy, ýurdumyzyň has-da ösdürilmegi ugrunda uly tagallalary edýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde giň möçberli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ykdysadyýetiň ähli pudaklary dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi esasynda kämilleşdirilip, milli ykdysadyýetiň häzirki zaman türkmen nusgasy kemala getirildi. Türkmenistan syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde belent sepgitlere ýetdi, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde dünýäni haýran galdyrýan üstünlikleri gazandy.

Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedewler milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýar. Şu ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky ýyly. Türkmen bedewleri milli buýsanjymyzdyr, gymmatly baýlygymyzdyr. Halk arasynda «At — myrat» diýlişi ýaly, bedew ruhy şu ýyl bagtyýar halkymyzy maksat-myradyna ýetirer.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň buýsanjy bolup durýan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty bütin dünýä dolýar. Halkymyzyň arassa ganly bedewleri ajaýyp döwrümiziň gözelligine görk goşýan maddy hem ruhy baýlyk hasaplanýar. Ahalteke atlaryna «asman atlary», «behişdi bedewler» diýlip mynasyp baha berilýär. Häzirki bagtyýar döwrümizde ahalteke bedewiniň buýsançly şekili Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde orun alandyr. Bedew atlarymyz milletimiziň buýsanjy bolup Ýer ýüzüne ýaň salýar.

Watanymyzyň taryhy, onuň ösüşi we halkara gatnaşyklardaky gazanan üstünlikleri bilen baglanyşykly möhüm wakalary dabaralandyrmak maksady bilen, 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etmek barada Mejlisiň karary kabul edildi. Şeýle hem şu ýyl Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň belleniljekdigini nygtamak gerek. Şoňa görä, 2026-njy ýylyň başyndan bäri köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda dürli çäreler geçirilýär. Maslahatlar, dabaraly duşuşyklar, forumlar we beýleki çäreler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da guralýar.

Mart-aprel aýlarynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky, Saud Arabystany Patyşalygyndaky, Türkiýe Respublikasyndaky, Russiýa Federasiýasyndaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Ukrainadaky, Owganystandaky, Täjigistan Respublikasyndaky, Gazagystan Respublikasyndaky, Gruziýadaky, Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanalarynda we konsullyklarynda ýylyň şygaryna, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahatlar, ýokary okuw mekdeplerinde amaly we umumy sapaklar, duşuşyklar, brifingler, «tegelek stol» duşuşyklary, kinofilmleriň görkezilişleri, sergiler we konsertler guraldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.

3-nji martda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň Buharestiň oba hojalyk ylymlary we weterinar lukmançylygy uniwersitetiniň wise-rektory bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda bilim we ylym ulgamynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň durnukly häsiýeti, hususan-da, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Buharestiň oba hojalyk ylymlary we weterinar lukmançylygy uniwersitetiniň arasyndaky özara gatnaşyklar nygtaldy. Ýurdumyzda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, bilelikde mowzuklaýyn çäreleri geçirmek mümkinçiliginiň bardygy bellenildi.

4-nji martda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Bişkek şäherindäki «Manas» gyrgyz-türk uniwersitetinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan wagyz-nesihat sapagy geçirildi. Onda Türkmenistanda ahalteke bedewlerini ylmy esasda öwrenmek, wagyz etmek we onuň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler barada giňişleýin maglumat berildi.

11-nji martda Stambul şäheriniň häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen geçiren duşuşygynda söwda-ykdysady, medeni, ylym-bilim, lukmançylyk, sport ulgamlarynda gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan, şeýle hem 2026-njy ýylyň şygarynyň çäklerinde guraljak çärelere taýýarlyk görmegiň meseleleri barada pikir alşyldy.

12-nji martda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň Ýaponiýanyň Atçylyk sporty assosiasiýasynyň we Tokionyň atçylyk sport toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ýapon tarapy döwlet tarapyndan atçylyk pudagynda alnyp barylýan syýasat, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän çäreler bilen tanyşdyryldy. Ýaponiýanyň Atçylyk sporty assosiasiýasy bilen gatnaşyklary ýola goýmagyň anyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar Tokionyň atçylyk sport toplumynyň çäginde ýerleşýän ahalteke bedewiniň ýadygärligine baryp gördüler.

18-nji martda Türkmenistanyň ilçihanasy Ýaponiýanyň Çiba uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen bilelikde şu ýylyň şygaryna bagyşlanan «tegelek stol» maslahatyny gurady. Çärä gatnaşyjylar ahalteke bedewleriniň medeni we taryhy gymmatlygynyň ähmiýetini, ýurdumyzda olary ylmy esasda öwrenmek, wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri nygtadylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns çekildi.

Gazagystanyň L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde 2026-njy ýylyň şygary, şeýle hem Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly baýramy mynasybetli «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Bellenilişi ýaly, Garaşsyzlygyň 35 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň binýadynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler durandyr. Maslahata gatnaşyjylar häzirki zaman türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk ruhunda ösdürilýändigini nygtadylar, şeýle hem halkara akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmäge mundan beýläk-de öz goşantlaryny goşjakdyklaryny tassykladylar.

20-nji martda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan we 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahatlara hem-de duşuşyklara gatnaşdy. Bu çäreler Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Magtymguly Pyragy adyndaky Türkmen edebiýaty merkezinde hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşlar we sport ministrliginiň Respublikan ýöriteleşdirilen Olimpiýa ätiýaçlygynyň çagalar-ýetginjekler atçylyk sport mekdebinde geçirildi. Duşuşyklarda türkmen halkynyň milli mirasyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça ýurdumyzda geçirilýän ylmy-amaly çärelere aýratyn üns berildi. Taraplar çapyksuwarlary, tälimçileri we atçylyk sporty boýunça hünärmenleri taýýarlamakda, bilelikde ussatlyk sapaklaryny, türgenleşik okuwlaryny geçirmekde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

21-nji martda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy şygryýet dialogyny gurady. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň we Ukrainanyň görnükli nusgawy şahyrlarynyň eserleri okaldy. Magtymguly Pyragynyň Kiýew şäherindäki ýadygärliginiň ýanynda şahyryň ukrain diline terjime edilen goşgularynyň okalmagy çäräniň ýatda galyjy pursatlarynyň biri boldy.

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidiumynyň Moskwadaky binasynda geçirilen «Margiana siwilizasiýalaryň çatrygynda: Merkezi Aziýanyň, Kawkazyň we Ýakyn Gündogaryň çäklerinde medeniýetara gatnaşyklar — gadymylyk we döwrebaplyk» atly halkara ylmy maslahat Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlandy. Forum Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa instituty, Dil bilimi instituty, Maddy medeniýetiň taryhy instituty, Rus-türkmen Margiana arheologiýa ekspedisiýasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy tarapyndan bilelikde guraldy. Maslahat utgaşykly görnüşde geçirilip, ol Türkmenistanyň, Russiýanyň, Ermenistanyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň alymlaryny, bilermenleri, ylmy-barlag institutlarynyň işgärlerini we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny bir ýere jemledi.

25-nji martda Hanguk daşary ýurt dilleri uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna, şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygaryna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy gurady. Türkmenistanyň Seuldaky doly ygtyýarly wekili ýylyň şygarynyň mazmuny barada durup geçmek bilen, onuň Koreýa Respublikasynda giňden bellenilýän otly at ýyly bilen gabat gelmeginiň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Halkara maslahatyň çäklerinde türkmen amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Myhmanlara türkmen milli aşhanasynyň tagamlary hödür edildi.

26-njy martda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy Buharestiň oba hojalyk ylymlary we weterinar lukmançylygy uniwersitetinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan «tegelek stol» maslahatyny gurady. Onda ahalteke bedewleriniň diňe bir döwletliligiň nyşany bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkymyzyň dünýäniň medeni gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan özboluşly goşandy bolup durýandygy bellenildi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy.

Ýurdumyzda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi 26-njy martda Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetinde geçirilen dabaraly çärede çykyş etdi. Çäräniň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy hem geçirildi.

30-njy martda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasy «Diplomatic Society» žurnaly bilen bilelikde ýazky baýramçylyklara hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan dabaraly çäre gurady. Onda ýylyň şygarynyň çuňňur many-mazmunyna aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, behişdi bedewiň keşbi däp-dessurlaryň dowamatlylygyny, türkmen halkynyň döredijilik kuwwatyny we ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Çärä gatnaşyjylar döwletimiziň baý medeniýetini şöhlelendirýän sergi bilen tanyşdylar, onda ahalteke atlary, alabaýlar baradaky kitaplar, halyçylyk sungatynyň nusgalary, milli lybaslar görkezildi. Myhmanlara milli aşhanamyzyň tagamlary hödür edildi. Dutarda ýerine ýetirilen halk sazlary bolsa baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny artdyrdy.

1-nji aprelde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy Mirzo Tursunzade adyndaky Täjik döwlet medeniýet we sungat institutynda milli däp-dessurlary pugtalandyrmak, medeni gymmatlyklary dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen çärä gatnaşdy. Çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň ilçihanasy tarapyndan 2026-njy ýylyň şygaryna, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan sergi guraldy. Gatnaşyjylarda halkymyzyň milli baýlygy, gözelligiň, durnuklylygyň we türkmen atçylyk sungatynyň köpasyrlyk däpleriniň nyşany bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanan fotosuratlaryň sergisi aýratyn gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan sport çärelerini geçirendiklerini aýratyn bellemek gerek. 3-nji aprelde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda küşt, şaşka we stol tennisi boýunça bäsleşikler geçirildi. Ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy 5-nji aprelde Ankara şäherinde futbol ýaryşyny gurady. Ukrainada bolsa Türkmenistanyň ilçihanasy işjeň we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen sport-sagaldyş çärelerini öz içine alýan Saglyk hepdeligini geçirdi.

4-nji aprelde Grets-Armanwilýe şäherinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň, 6-njy aprelde Pariž şäherinde medeni-sazly çäräniň geçirilmegi Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim boldy. Bu çäreler Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanyp guraldy.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen Türkiýäniň öňdebaryjy halkara žurnaly bolan «Business Türk» ýörite sanyny Türkmenistanda 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlady. Bu neşirde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň taryhy, syýasy, ykdysady, durmuş we hukuk ulgamlarynda, ylymda, medeniýetde gazanylan uly üstünlikler, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzda bolup geçýän möhüm wakalar, sebit we dünýä derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlar barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de ýylyň şygaryna bagyşlanyp, 22-nji aprelde Buharestiň oba hojalyk ylymlary we weterinar lukmançylygy uniwersitetinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy tarapyndan utgaşykly görnüşde halkara ylmy «tegelek stol» maslahaty guraldy. Çäre S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Rumyniýanyň atçylyk ulgamyndaky öňdebaryjy ylmy we bilim edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Onda atçylygy ösdürmek, pudagyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak meseleleri, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünlikleri, weterinariýadaky we maldarçylykdaky häzirki zaman meýilleri, bilim ulgamynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmanlara mowzuklaýyn maglumatlar we wideoşekiller görkezildi, şeýle hem ýörite sergi guraldy.

Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy Kiýew şäheriniň bilim edaralary, döredijilik birleşmeleri bilen bilelikde Magtymguly adyndaky kitaphanada çeper döredijilik we interaktiw aýratynlyklary öz içine alýan «Ahalteke bedewi: çeper keşplerdäki gözellik, güýç we asyllylyk» atly giň gerimli medeni-bilim çäresini geçirdi. Bu çäre ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çäklerinde guralyp, Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlandy. Onda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamanyň türkmen sungatynyň iň gymmatly nusgalarynyň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň behişdi bedewleriň şan-şöhratyny has-da artdyrandygy aýratyn nygtaldy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary we konsullyklary tarapyndan 2026-njy ýylyň mart-aprel aýlarynda ýylyň şygaryna hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dürli çäreler ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny, onuň medeni mirasyny, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini halkara giňişlikde wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.