Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 32

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Size we Siziň halkyňyza mukaddes Gurban baýramy mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň! Gurban baýramy hoşniýetliligi, yslam dinini dabaralandyrýan, musulman ymmatyny parahatçylyga, raýdaşlyga hem-de özara düşünişmäge çagyrýan beýik baýramdyr. Goý, ähli musulman dünýäsi üçin bu mukaddes baýramda biziň jebisligimiz we ruhy bitewüligimiz has-da pugtalansyn!

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size bagtyýarlyk we jogapkärli işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa gülläp ösüş, abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin! Gurban baýramyňyz gutly bolsun!

Iň gowy arzuwlar bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Musulmanlaryň ruhy jebisliginiň, raýdaşlygynyň we doganlygynyň nyşany bolan mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny öz adymdan hem-de Azerbaýjanyň halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we strategik hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Bu mübärek baýram günlerinde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Gadyrly doganym!

Gurban baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk we ösüş arzuw edýärin. Bu mübärek baýramda Beýik Allatagaladan ähli musulman ymmatyna rysgal-bereket dileýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Abdelmajid TEBBUN,
Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma hem-de buýsanç duýgusyny döredýär. Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, musulman ymmatynyň halklaryna bolsa hoşniýetlilik, abadançylyk we rowaçlyk dileýärin.

Dostluk we tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Siziň doganyňyz,

Şeýh Mohammed bin Raşid AL MAKTUM,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma hem-de buýsanç duýgusyny döredýär. Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, musulman ymmatynyň halklaryna bolsa hoşniýetlilik, abadançylyk we rowaçlyk dileýärin.

Dostluk we tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Siziň doganyňyz,

Şeýh Mansur bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mübärek Gurban baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge örän şatdyryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk, abadançylyk, üstünlik, Türkmenistana we onuň dostlukly halkyna ösüş we rowaçlyk, musulman ymmatyna hem-de tutuş adamzada bereket dileýärin.

Şeýh Sabah Halid Al-Hamad AL-SABAH,
Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mübärek Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollamaga örän şatdyryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan şu mübärek günlerde haýyr-sahawat, doganlyk ýurtlarymyza abadançylyk we rowaçlyk dileýärin.

Turki bin Mohammed bin Fahad bin ABDUL-AZIZ,
Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Mübärek Gurban baýramy musulman dünýäsiniň iň gadymy baýramlarynyň biridir. Ol duýgudaşlyk, rehimdarlyk hem-de özara hormat goýmak taglymlaryny dabaralandyrýar. Şeýle-de hoşniýetli erk-isleg, birek-birege goldaw bermek, ruhy tämizlik ýörelgeleri esasynda adamlary ynam we umyt bilen ruhlandyrýar. Goý, bu mübärek günler Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk getirsin!

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kubanyçbek OMURALIÝEW,
Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary.